Üstünlikleriň binýady

6 Awgust 2024
549

Ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe boldy. Dürli halkara ders bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar, festiwallar ýurdumyzyň abraýyny has-da beýgeltdi. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze bilim edaralary ulanyşa berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet-galamlaryndan çykan ajaýyp eserleri bize — mugallymlara ýaşlara bilim bermekde uly gollanma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tutuşlygyna ýaşlara, olaryň üstünliklerine bagyşlanmagy bolsa aýratyn guwandyrýan ýagdaýdyr. Bu eseri okan hem bir ýaş nesliň Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmäge çalyşýandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Biziň mekdebimizde bilim we terbiýe alýan okuwçylar hem şeýle asylly ýörelgä eýerýärler.

Humaý Gutlymyradowa,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň mugallymy.