Bilim zähmet terbiýesi bilen utgaşmalydyr

7 Awgust 2024
575

«Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýär. Şeýle aladalaryň netijesinde döwrebap innowasiýalar, tehnologiýalar we kämil enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle işler hemmetaraplaýyn kämil, ukyp-başarnykly, zehinli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün edýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim bilen birlikde, milli ruha esaslanýan terbiýe, şeýle-de zähmet terbiýesini bermek hem zerurdyr. Şu zerurlykdan ugur alyp, biz okuwçylara tomusky dynç alyş möwsümini tamamlap, täze okuw ýylynda mekdebe gelenlerinde, özleriniň ukyp-başarnyklary bilen ýerine ýetiren, agaç ussaçylygy esasynda ýasan işlerini synpdaşlaryna görkezmäge getirmegi tabşyrdyk.

Maýsagül GARAÝEWA,
Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.