«Okamak — bereket...»

7 Awgust 2024
579

Jaň edip, okuwa kabul edilendigini öýlerine, dost-ýar, tanyş-bilişlerine aýdandan soň, daşky dünýä bilen gatnaşyk kesilene döndi. Edil şu wagt telefony goýandan soňra kakasynyň, ejesiniň, doganlarynyň şatlykdan begenişlerini göz öňüne getirip, çala ýylgyrdy. Emma ýüregiň bir çüňkünden gaýdýan ajymtyk duýgy bokurdagyny gyýýan ýaly boldy. Eýsem näme?! Obada galan dost-ýarlary ondan kän bagtlydylar ahyry. Olar her gün irden turuşlaryna, arkaýynlyk bilen ertirlik edinerler, soňra peýwagtyna işli-işine ugrarlar. Ýene agşam işden gelip obanyň gaýra tarapyndaky boşlukda woleýbol oýnarlar. Ertesi güni hem şol zatlar kadadyr. Ol bolsa... ýatlamalaryň ählisi ýürek gyýyjy pursatlar bolup göz öňüne gelýär.

Ine, ak mermerli owadan paýtagt şäherde ýokary okuw mekdebinde okap ýör, dynç alyş döwri obalaryna gidýär. Şol pursady göz öňüne getirip azajyk wagt ýüzi yşardy. Olam juda gysga dowam etdi. Kalbyna ýene gussa aralaşdy. Ýogsam paýtagta okuwa diýip, resminamalaryny jemläp gaýdanda, synaglardan geçip bilmedik ýagdaýynda işlemäge galaýmak hem göwnünde ýok däldi. Şeýdip, paýtagtda galyp işläp, soňra okuwa girenlerden özüniň tanaýanlarynyň birnäçesi bar. Olar il arasynda-da erjel, tutanýerli hasaplanýardy, oňlanylýardy. Görsene, arzuwy amala aşybam, bagtly bolman boljak eken. Üçünji synagyň sowalnamalaryny çeken wagty «Bilemok» diýip ýazaýan bolsa nähili bolardyka? Ýa, hakykatdan hem, bilmeýän sowallary düşen bolsa... Eý-ho-o-o-o, synaga çenli çekilen azaplar, görlen güzaplar, şol janypkeşlik köýäýmeli bolardymyka?! Ol nähili pikirler edýär-ä? Simap deý sandyrap, gamyş deý galdyrap synag sowalnamasyny çekýän oglan-gyzlaryň, gör, näçesinden birine nesip edýän bagty köpürgenip otyrmy?! Toba, toba. Seret, gapydan donuna sygman çykýanlaryň begenjine, meňzini saraldyp, ýüzüni sallap, uly alada ulaşyp gelýän deň-duşlaryň gynanjyna seret. Özüňe nähili bagtyň miýesser edenine gözüňi ýetir. Mysaly daşdan gözlemek gerekmi?! Okuwa diýip gaýtmankaň, haýsy okuw mekdebine resminama tabşyrjagyňy bilmän, janserek bolan döwrüňi göz öňüne getir. Baý, elewrediň-ä. Žurnalistika ugruna däl, tasdanam özüňe näbelet bolan ugra synanyşypdyň ahyry. Sebäbi näme, sebäbi şol ugra dalaşgärleriň azdygy. Ony hem özüňe ynamyň bolman saýlamak isleýärdiň. Edil ýaňyja hem ikinji sowalyňa jogap berşiňe öz göwnüň hem ýetenokdy. Ýöne oglanlaryň aýdyşy ýaly, dymyp durmajak bolup gürleýärdiň. Şonda synag toparyndaky çal saçly goja professor-mugallym: «Bu sowala jogaby zordan «üçlük», öňki sowallara gowy jogap berdi. Özünde-de okamak höwesi bara meňzeýär, kabul edäýýeliň!» diýýänçä, gör, niçe pikir beýniňde köwsarlady. Şonda: «Pylanyýew, sen gowy taýynlanda, indiki ýyl geläý» diýen bolsalar, nähili bolardy?! Kakaň gynanmasa-da (ýa-da gynanýanyny bildirmese), ejeň lapykeçligi, jigileriň-doganlaryň üzülmeleri näme?! Şu wagtam jigileriň jaň edip, ähli dogan-garyndaşlaryňa buşlap çykandyrlar. Dogany ýa jigisi paýtagtda uly okuwda okap ýörse, kim begenmejek?!

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».