Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň hukuklaryny goramak, durmuş abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy» tassyklanyldy.
Ýurdumyzda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy döwlet tarapyndan hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan gazna bolup durýar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda bu gaznanyň döredileniniň 3 ýyllygy giň gerim bilen bellenip geçildi.