Ak arzuwlar — Aýdyň menziller

31 Iýul 2024
561

Düýn paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglaryna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesillere okamaga, döwrebap bilim almaga giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. 2024 — 2025-nji okuw ýylynda hem ýokary okuw mekdeplerine girmäge isleg bildirýän zehinli ýaşlaryň müňlerçesi synaglarda öz saýlan hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezerler.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan beýik işlerine mynasyp goşant goşmak, esasan, döwür bilen deň gadam urýan, bagtyýar zamanamyzyň ylymly-bilimli, ruhubelent ýaşlarynyň paýyna düşýär. Şol belent maksat ugrunda okamak, öwrenmek, ussat hünärmenler bolup ýetişmek bolsa her bir ýaş türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. Bilşimiz ýaly, dalaşgärlerden ýokary taýýarlygy talap edýän giriş synaglary möwsümi hem ýaşlaryň durmuşynda ykbal kesgitleýji häsiýete eýedir. Synaglar ýaşlaryň başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň iň zehinlilerini talyplyga kabul etmek maksady bilen, açyklyk, aýanlyk, deňhukuklylyk derejesinde geçirilýär. Biz hem okap, öwrenip, ýokary bilimli hünärmenler bolmak ugrunda yhlasly zähmet çekýän ýaşlaryň ählisine üstünlik arzuw edýäris!

Ýörite habarçymyz.