"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gel­je­gi­mi­ziň şam­çy­ra­gy

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Gah­ryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gah­ry­man Serdarymyz tarapyn­dan üstünlikli dowam et­dirilmegi esasynda ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gym­matlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelemek meseleleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirip, ýokary derejeli hünärmenleri taý­ýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Milli  bilim institutynyň guramagynda welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerinde, Arkadag şäher bilim müdirliginde, etrap (şäher) bilim bölümlerinde, bilim edaralarynda usuly işlere jogapkär hünärmenler bilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi işjeňleşdirmegiň usullary we usuly işleriň ýola goýluşy” atly usuly-amaly maslahat geçirildi.        Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi işjeňleşdirmegiň usullary we usuly işleri ýola goýmakda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler, olary çözmegiň ýollary, ylmy-usuly işleriň guralyşy we gözegçiligiň ýola goýluşy ara alnyp maslahatlaşyldy. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, başlangyç synplarda okatmagyň has netijeli usullaryny (interaktiw, tankydy pikirlenmek, türgenleşik geçirmek pedagogik tehnologiýalaryny) ulanmagyň ýollary we Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Kitaphanamyzda «Garaşsyz Watanda iller bagtyýar» diýen at bilen döredijilik duşuşygyny geçirdik. Oňa bilim we kitaphana işgärleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasyny öwrenmekde, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny halkyň arasynda wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda durmuşa geçirilýän beýik işlere bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Aýratyn hem beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň watançylyga, ahlaklylyga, arassa zähmete ýugrulan şygyrlarynyň ýaşlar üçin özboluşly mekdepdigi, terbiýeçilik sapagydygy nygtaldy. Şeýle hem mekdep okuwçylary berkarar döwletimizi, ýurt parahatçylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny wasp edip ýazan goşgularyny okadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar kitap sergisini hem synladylar. Sergide mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlanyp çap edilen neşir önümleri görkezildi.

Biologiýa dersinden bäsleşdiler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda baýramçylyk çäreleridir bäsleşikler biri-birine ulaşýar. 18-nji sentýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden geçirilen bäsleşik hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň tebigy zehin-başarnygyny hem-de şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we höweslendirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen ders bäsleşiginiň esasy maksady Türkmenistanda tebigy ylmy ugurlar boýunça bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşik biologiýanyň ylmy we amaly meselelerini derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmekde, olaryň bu ders boýunça bilimlerini has-da artdyrmakda, umumybilim berýän orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmakda netijeli boldy.

Kitaphanalarymyzda ― sanly ulgam

Etrabymyzdaky orta mekdepleriň kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda mugallymlara we okuwçylara hyzmat etmegiň iň döwrebap usullary boýunça tejribeler paýlaşyldy. Maslahat etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy. Maslahatda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň orta mekdeplerindäki kitaphanalaryň kitap gory okuw gollanmalary we çeper eserler bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Olaryň saklanylyşynda we okyjylara ýetirilişinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak esasy wezipeleriň biridir. Etrabymyzdaky mekdepleriň aglabasynda sanly kitaphana ulgamynyň eýýäm ornaşdyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şeýle mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçen okuw ýylynyň ilkinji gününde açylyp, ulanylmaga berlen biziň orta mekdebimizde hem bar. Sanly ulgam kitaphanaçylaryň işini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Durmuşymyzyň güli, döwrümiziň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine we halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygy bilen milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine we bu ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesliň kämil bilim derejesiniň we hünär endikleriniň binýatlyk esasy goýulýar.

Baş maksat — döwrebap bilim bermek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler halkymyzy, aýratyn-da, bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň ak mermerli täze binalar toplumynyň açylyşy özüniň şatlyk-şowhunly dabaralary bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň täze neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Ýürekden bir sözüm bar

Arzuwlarymyň başlangyjy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Maňa Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň birinji ýyl talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu ajaýyp pursat, meniň üçin diňe bir talyplyk ýoluna ilkinji gadam bolman, eýsem, ata Watanymyza we mähriban halkymyza mynasyp hyzmat etmek baradaky beýik arzuwlarymyň başlangyjydyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Üstünligiň gözbaşy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli mynasyp neslini kemala getirmek wajyp wezipeligine galýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleri ýokarlandyrylýar. Şeýle aladalar bolsa, bilim işgärlerine bildirilýän talaby, olaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrýar.

Bilim ulgamyndaky nusgalyk işler

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygynyň bilimdigini aýratyn nygtaýar. Bu hakykat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklere beslenýän bilim özgertmeleriniň çuňňur mazmunynda hem mynasyp beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alýan bilim özgertmeleriniň baş maksady bolsa, ýurduň daýanjy bolan ýaş nesliň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk bilim we ylym almaklaryny gazanmakdan ybaratdyr. Munuň özi berkarar Diýarymyzyň ähli ugurlarda okgunly ösüşini üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenýändigini nygtamagy hem şunuň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin milli bilim ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň binýadyny berkitdi. Bu resminama täze taryhy eýýamda bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryn

Bilim — röwşen geljege binýat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Şonuň bilen baglylykda, okuw maksatnamalary kämilleşdirilýär, bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar, döwrebap mekdepler gurlup ulanylmaga berilýär.  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» tassyklanmagy bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Çagalar baglarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmekde, bilimli, aň taýdan ösen, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmekde, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmakda, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmekde, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda agzalan Konsepsiýanyň möhüm ähmiýeti bardyr. Konsepsiýada göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, kämil bilimli, zähmetsöýer, ýokary ahlakly, hakyky watansöýüji nesliň kemala gelmegine itergi berer.

Terbiýeçilik işiniň esasy wezipesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesliň gowy bilim-terbiýe almagyna, döredijilige ugrukmagyna, Watana, halka, milli ýörelgelerimize ygrarly bolup kemala gelmegine ýardam edýär. Häzirki ösüşler, özgerişler döwründe medeni miras, milli terbiýeçilik ýörelgeleri wajyp ähmiýete eýedir. Milli däp-dessurlar we täze özgertmeler, innowasiýalar ösüşiň biri-biri bilen özara baglanyşykly iki ugry bolup durýar. Täze özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine almak bilen, milli ýörelgelerimizi, medeni baýlyklarymyzy gorap saklamagy, olar barada ýaşlara has giňden düşündirmegi hem öz içine alýar. Bu gün Garaşsyzlyk döwrümizde kemala gelen täze gymmatlyklar milli medeniýet bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, ýaş nesli terbiýelemek işine netijeli ornaşdyrylýar. Jemgyýetiň ruhy dünýäsiniň kämilleşmeginde halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen nusgalyk ruhy-ahlak, aňyýet gymmatlyklarynyň täze derejelere çykarylmagy ýurdumyzyň ösen döwlete öwrülmeginiň wajyp sütüni bolup durýar. Biziň milli ösüş ýörelgelerimizde jemgyýetiň medeni, ruhy binýatlarynyň berkidilmegine aýratyn orun berilýär. Biziň milli hem-de şu günki medeniýetimizde, däp-dessurlarymyzda jemlenen ahlak düzgünleri, milli gymmatlyklar bellibir durmuş ýörelgelerini, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini kemala getirmäge gulluk edýär. Munuň bolsa, ýaş nesli mynasyp te

Ylym-bilimde döwrebap ýollar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem bilim özgertmeleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle möhüm resminamalardan ugur alnyp durmuşa geçirilýän işler hem uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mugallymlar, bilim işgärleri ylym-bilimi özleşdirýärler we ylmy esasda sapaklary, okuwlary alyp barýarlar. Şunda okatmagyň iň bir döwrebap usullaryndan peýdalanmak täze mümkinçilikleri üstünlikli durmuşa geçirmek esasy ugur bolup durýar. Sapakda okatmagyň dürli ugurlary peýdalanyp bilner, emma döwrebap, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar özüniň oňat netijesini berýär. Şonuň üçin hem ýaş mugallymlar taýýarlanylanda ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanmagy, okuwçynyň dünýägaraýşyny ösdürmegi, şeýle hem çagalaryň okuwa bolan höwesini artdyrmagy maksat edinýäris. Bu babatda ylmy kitaplardan hem, okuw kitaplaryndan hem peýdalanmak möhümdir. Şonuň üçin hem okuw sapaklary guralanda ýörite meýilnamalaşdyrmak, kitapdaky maglumatlary okuwçynyň aňyna ýetirmek aýratyn üns bermeli ugurdyr.

Körpeleriň ýatkeşligini ösdürmek

Çagalar bagynda terbiýelenýän ýaş nesliň ýatkeşligini ösdürmek olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapmagy, ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, ýurdumyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşmagy üçin ähmiýetlidir. Ata-babalarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýilmeginiň uly manysy bar. Ýat adamyň ýaşap geçen islendik pursatlaryny, maglumatlary özünde saklaýan we geljekki günlerine ýetirýän ýokary derejeli işjeňlikdir. Gerekli maglumatlary uzak wagtlap beýnide «saklap» goýmak üçin çagalaryň irki ýaşyndan başlap, ýatkeşligini türgenleşdirmek zerurdyr. Çaga ýatkeşligini ösdürmekde çagalar bagynda ulanylýan käbir usullarymyzy paýlaşmagy makul bildik. Elbetde, her bir çaganyň özboluşlylygy hem göz öňünde tutulmalydyr.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Terbiýeçilik işinde mekdebiň we maşgalanyň orny Çaganyň mekdebe çenli terbiýesi örän jogapkärli bolup, ol çaganyň jemgyýetiň agzasy hökmünde kemala gelýän döwri hasaplanýar. Çaga özünde tiz-tizden döreýän «Bu näme? Näme üçin beýle?» diýen ýaly soraglara jogap tapmaga synanyşýar we olary ulularyň kömegi bilen özleşdirmäge ýol açýar. Bu döwürde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçilerine hem esasy orun degişlidir. Mekdep gapysy bolsa, çaganyň durmuşynda täze bir dünýäni açýar. Şeýle döwürde mekdep bilen maşgalanyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk emele gelýär. Diýmek, jemgyýetiň her bir agzasynyň sagdyn bolmagynda maşgala esasy wezipeleriň birini ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, orta mekdebiň mugallymlarynyň ata-eneler bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Maşgala terbiýesine köp üns berilýän ýerde, nesil terbiýesiniň milli ýörelgeleriniň esasynda ýaşlary terbiýelemäge ummasyz köp goşant goşulýar. Bu işlere guraýan terbiýeçilik sagatlarymyzda aýratyn üns berýäris. Umuman, döwrüň, ösen jemgyýetiň talaplaryna laýyk gelýän nesli terbiýelemek üçin mekdep bilen maşgalanyň arasynda sazlaşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr. Şeýle hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin mekdep we beýleki bilim-terbiýe edaralarynyň her biri ata-eneler bilen ýygjam gatnaşykda bolmalydyr. Çünki sagdyn nesli terbiýelemegiň esasy ojagy maşgaladyr

Alym mugallym hakynda söhbet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary bilen merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy ylmy esasda düýpli öwrenen alymlaryň bitiren önjeýli hyzmatlaryna uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Şolaryň arasynda edebiýatçy alym-pedagog, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetnazar Annamuhammedow hem bar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden toýlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylymyzda alym mugallym M.Annamuhammedowyň durmuş ýoly we ylmy-pedagogik iş tejribesi baradaky käbir maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. Muhammetnazar Annamuhammedow 1938-nji ýylyň 15-nji iýulynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 4-nji Garaýap obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inipdir. Ol 1954-nji ýylda Mary etrabynyň şol döwürdäki 13-nji orta mekdebini ýokary bahalar bilen tamamlap, şol ýylyň tomsunda hem özüniň uly höwes eden hünäri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetiniň türkmen dili we edebiýat bölümine okuwa giripdir. Talyplyk ýyllarynda meşhur türkmen alymlary — akademikler Aman Kekilowyň we Baýmuhammet Garryýewiň, professorlar Mäti Kösäýewiň, Gumman Saryýewiň, Mämmetnazar Hydyrowyň we beýleki halypalaryň çuňňur mazmunly we g

Milli ýörelgelere daýanýan täze konsepsiýa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu barada gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” hakynda aýratyn durup geçmek gerek. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakasy hökmünde kabul edilen bu Konsepsiýa biz – bilim işgärleriniň kalbyna guwanç hem buýsanç duýgusy bolup doldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim ulgamy döwrebap ösüşlere eýe boldy. Esasan hem, döwrüň iň täze gazananlaryndan ugur alnyp, sanly bilim ulgamy ösdürildi. Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar, iň täze, döwrebap mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgam durmuşymyza pugta ornaşdyrylýar. Şonuň üçin ýaşlarymyz sanly ulgamyň ähli aýratynlyklaryna oňat düşünýän hünärmenler bolup ýetişýärler. Bu ugurdan halypa mugallymlar döwrebap bilimleri öwredýärler. Geljegimiz bolan ýaşlar

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde täze usullar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän maksatnamalar öňe sürülýär. Watansöýüji, halal, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän ylym-bilim babatdaky resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär. Şeýle maksatnamalaryň biri-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasydyr”. Daşary ýurt dilleri ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmekde, olaryň halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öz ylym-bilim mümkinçiliklerini, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ýardam berýär. Näçe köp dil bilseň, şonça-da düşünjäniň gerimi giňeýär. Şol diliň diňe bir sözlügine aralaşman, eýsem, onuň düşünjesini, gymmatlyklaryny, milliligini has ýakyndan tanap başlaýaň. Her bir edebiýaty terjimesinde däl-de, onuň asyl ýazylan dilinde, ýazyjynyň hut özüniň galamyndan çykan sözleri okamak we düşünmek aýratyn lezzet berýär. Terjime edilen eserlerde terjimeçi öz pikirini, düşünjesini, garaýşyny tötänden ýa-da bilip esere goşup bilýär. Mundan başga-da, daşary ýurt dilleri öwrenilende şeýle yzygiderlilik bar. Iki dil bilýän adam üçin, şol diller maşgalasyndan, başga dili öwrenmek ýeňil dü

Türkmenistanda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň okuwy guralar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň okuwyny guramak teklip edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň ýük dolanyşygyny artdyrmak we ýük ammarlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, halkara ýük howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, amaly okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hasyl bolan arzuw

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berilýär. Çünki hünärine ökde, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn hem ruhubelent nesli kemala getirmek amala aşyrylýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet derejesinde döredilip berilýän giň mümkinçilikler bolsa döwrümiziň ýaşlaryny täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Orta mekdebi tamamlan her bir uçurym ýokary okuw mekdebinde bilim alyp, ata Watanymyza gerekli hünärmen bolup ýetişmegi arzuw edýär. Ynsan durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri-de onuň talyplyk bagtyna mynasyp bolan güni bolsa gerek. Şu ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şol bagta meniňem mynasyp bolmagym başymy göge diretdi.