Kitaphanalarymyzda ― sanly ulgam

19 Sentýabr 2024
549

Etrabymyzdaky orta mekdepleriň kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda mugallymlara we okuwçylara hyzmat etmegiň iň döwrebap usullary boýunça tejribeler paýlaşyldy. Maslahat etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy.

Maslahatda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň orta mekdeplerindäki kitaphanalaryň kitap gory okuw gollanmalary we çeper eserler bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Olaryň saklanylyşynda we okyjylara ýetirilişinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak esasy wezipeleriň biridir. Etrabymyzdaky mekdepleriň aglabasynda sanly kitaphana ulgamynyň eýýäm ornaşdyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şeýle mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçen okuw ýylynyň ilkinji gününde açylyp, ulanylmaga berlen biziň orta mekdebimizde hem bar. Sanly ulgam kitaphanaçylaryň işini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Jennet HALYKOWA,
Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy.