Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berilýär. Çünki hünärine ökde, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn hem ruhubelent nesli kemala getirmek amala aşyrylýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet derejesinde döredilip berilýän giň mümkinçilikler bolsa döwrümiziň ýaşlaryny täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Orta mekdebi tamamlan her bir uçurym ýokary okuw mekdebinde bilim alyp, ata Watanymyza gerekli hünärmen bolup ýetişmegi arzuw edýär. Ynsan durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri-de onuň talyplyk bagtyna mynasyp bolan güni bolsa gerek. Şu ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şol bagta meniňem mynasyp bolmagym başymy göge diretdi.