Terbiýeçilik işiniň esasy wezipesi

17 Sentýabr 2024
545

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesliň gowy bilim-terbiýe almagyna, döredijilige ugrukmagyna, Watana, halka, milli ýörelgelerimize ygrarly bolup kemala gelmegine ýardam edýär. Häzirki ösüşler, özgerişler döwründe medeni miras, milli terbiýeçilik ýörelgeleri wajyp ähmiýete eýedir. Milli däp-dessurlar we täze özgertmeler, innowasiýalar ösüşiň biri-biri bilen özara baglanyşykly iki ugry bolup durýar. Täze özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine almak bilen, milli ýörelgelerimizi, medeni baýlyklarymyzy gorap saklamagy, olar barada ýaşlara has giňden düşündirmegi hem öz içine alýar. Bu gün Garaşsyzlyk döwrümizde kemala gelen täze gymmatlyklar milli medeniýet bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, ýaş nesli terbiýelemek işine netijeli ornaşdyrylýar.

Jemgyýetiň ruhy dünýäsiniň kämilleşmeginde halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen nusgalyk ruhy-ahlak, aňyýet gymmatlyklarynyň täze derejelere çykarylmagy ýurdumyzyň ösen döwlete öwrülmeginiň wajyp sütüni bolup durýar. Biziň milli ösüş ýörelgelerimizde jemgyýetiň medeni, ruhy binýatlarynyň berkidilmegine aýratyn orun berilýär. Biziň milli hem-de şu günki medeniýetimizde, däp-dessurlarymyzda jemlenen ahlak düzgünleri, milli gymmatlyklar bellibir durmuş ýörelgelerini, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini kemala getirmäge gulluk edýär. Munuň bolsa, ýaş nesli mynasyp terbiýelemekde, onuň sazlaşykly ösmeginde ägirt uly ähmiýeti bardyr.

Oguljeren ÇARYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.