Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu barada gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” hakynda aýratyn durup geçmek gerek. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakasy hökmünde kabul edilen bu Konsepsiýa biz – bilim işgärleriniň kalbyna guwanç hem buýsanç duýgusy bolup doldy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim ulgamy döwrebap ösüşlere eýe boldy. Esasan hem, döwrüň iň täze gazananlaryndan ugur alnyp, sanly bilim ulgamy ösdürildi. Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar, iň täze, döwrebap mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgam durmuşymyza pugta ornaşdyrylýar. Şonuň üçin ýaşlarymyz sanly ulgamyň ähli aýratynlyklaryna oňat düşünýän hünärmenler bolup ýetişýärler. Bu ugurdan halypa mugallymlar döwrebap bilimleri öwredýärler. Geljegimiz bolan ýaşlara bilim öwretmekde we olary milli ruhda terbiýelemekde “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” ähmiýeti uludyr.