Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary bilen merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy ylmy esasda düýpli öwrenen alymlaryň bitiren önjeýli hyzmatlaryna uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Şolaryň arasynda edebiýatçy alym-pedagog, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetnazar Annamuhammedow hem bar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden toýlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylymyzda alym mugallym M.Annamuhammedowyň durmuş ýoly we ylmy-pedagogik iş tejribesi baradaky käbir maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.
Muhammetnazar Annamuhammedow 1938-nji ýylyň 15-nji iýulynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 4-nji Garaýap obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inipdir. Ol 1954-nji ýylda Mary etrabynyň şol döwürdäki 13-nji orta mekdebini ýokary bahalar bilen tamamlap, şol ýylyň tomsunda hem özüniň uly höwes eden hünäri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetiniň türkmen dili we edebiýat bölümine okuwa giripdir. Talyplyk ýyllarynda meşhur türkmen alymlary — akademikler Aman Kekilowyň we Baýmuhammet Garryýewiň, professorlar Mäti Kösäýewiň, Gumman Saryýewiň, Mämmetnazar Hydyrowyň we beýleki halypalaryň çuňňur mazmunly we gyzykly sapaklaryny diňläp, edebiýaty öwreniş ylmy bilen has-da içgin gyzyklanyp başlapdyr. Bu baýry ýokary okuw mekdebinde yzygiderli guralýan ylmy-amaly maslahatlarda, talyplaryň ylmy gurnaklarynda meşgullanýan temalary boýunça ylmy çykyşlary edip, halypalarynyň «Berekellasyna» ençeme ýola mynasyp bolupdyr.