"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halypalaryň sarpasy

14-nji awgustda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde halypa nakgaş Ýewgeniýa Adamowanyň we ussat heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýewiň döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergisi açyldy. Ý.Adamowanyň halkymyzyň milli däp-dessurlaryna bagyşlap, «Täze aýdym», «Türkmen eneleri — Watana», «Enelik bagty», «Dutar barada söhbet» ýaly işleri sungat muşdaklarynyň söýgüli eserlerine öwrüldi. Heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew «Garaşmak», «Arzuw», «Şahyr Nurberdi Pommanyň portreti», «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» ýaly işleri we ahalteke bedewlerimize bagyşlap döreden heýkelleri bilen giňden tanaldy. Sergide olaryň muzeýiň gaznasynda saklanylýan işleri ýaýbaňlandyryldy.

Damana ýolunyň ussady

Durdy bagşy hakda söhbet Damana bagşyçylyk ugrunyň Änew şahasynyň meşhur halypasy Durdy bagşynyň agtygy, Türkmenistanyň halk bagşysy Begmyrat Hojamyradow.

Gowudan gowusy (Gülküli hekaýa)

Zenan maşgalalar gowy zatlaryň içindenem has gowusyny gözlemäge ökdeläpdirler. Hatda olar aňrybaş zatdanam kemçilik tapmagy başarýarlar. Bir zat satyn aljak bolsalar dagy telim gezek seljermän söwdalaşjak gumanlary ýokdur. Söwdagärleriň şulara çydap bilişlerine telpek goýaýmaly. Arada aýalym bilen bazara gitdim. Esasy maksadymyz-a maňa egin-eşik almakdy. Meniň-ä, näme, zat seljerjek gümanym ýok, birki zady geýip gördüm-de, derrew gerek zatlarymy alyp boldum etdim. Aýalym şondan soň ýüzüme seretdi-de:

Magtymguly dünýäli eserler

«Bäş gün» Dünýäniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbi türkmen şekillendiriş sungatynda-da ör-boýuna galýar. Ussadyň akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne edebi mirasy türkmen suratkeşleri üçin tükeniksiz ylham çeşmesidir. B.Nuraly, A.Hajyýew, Ç.Amangeldiýew, Ý.Baýramow, H.Annaçaryýew, P.Garryýew, S.Meredow, P.Popow, A.Şetinin, M.Nurymow, B.Annamyradow, B.Esengeldiýew, M.Seýitmyradow, S.Babaýew ýaly birnäçe belli döredijilik şahsyýetleri akyldaryň şahyrana mirasyny öňe çykardy. Şolaryň biri-de «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat grafikaçy Hajy Atakgaýewdir.

Duýguly dünýäniň aşygy (oçerk)

Ol durmuş wakalaryny howlukman, sadalyk bilen gürrüň berýär. Gürrüňdeşlik çagalyk ýyllaryna ýetende, ýüz-gözi nurlanyp, mähir çaýylan ýaly bolýar. Dagy näme, gulpajygyňy tasadyp, obanyň özüň ýaly deň-duş gyzjagazlary bilen depäniň üstüne çykyp, läle kakyşyň, monjugatdy oýnaýşyň, ulugyz çykanyňda, eliňe küýzäňi alyp, çeşme suwuny almaga gideniňde, biraz salymlygam bolsa, gopuzyňy alyp, sährany ýaňlandyryp, joralaryň bilen gopuz çalşyň, öňüňden ýigit çyksa, gabaklaryňy aşak goýberip, sülmürän bolşuň...ömürboýy göreçleriňde galýan ýakymly pursatlar ahyryn. Onsoň, olary ýatladygyňça, ýüzüňe şatlyk nury çaýylyberýär. — Daşoguz ili gaty şahandaz. Bir ýere üýşülende, ýomak atyşyp, degişmek, şirin labyzly bagşylaryň dilinden dessanlary diňlemek mahsus. Has hem dessan diňlänimde, ondaky gahrymanlaryň keşbine nädip girip gidenimi bilmezdim. «Ýusup — Züleýha» dessanyndaky Ýakup pygamberiň, «Şasenem — Garypdaky» Garybyň ejesi Abadanyň keşpleri meniň ýadymda ömürlik galdy. Ol gahrymanlar barada diňlänimde, gözümiň ýaşyny saklap bilmezdim — diýip, halypa ýatlaýar.

Ýaýlada ýaňlanýan owazlar

Garagum sährasynyň gujagyna seýrana çykyp, gözelligine maýyl bolanlar bilýändirler. Onuň öz dünýäsine maýyl eýleýän, mähremlik paýlaýan ylahy berlen şirin owazy bardyr. Guşlaryň saýraýşyndan, sazak-selinleriň we gaýry müňbir görnüşli ot-çöpleriň adaja şemala baş yraýyşlaryndan, sähra bezegi bolan goýun-geçileriň mäleýşinden, çopan-çoluklaryň ulaglarynyň uzaklardan eşidilýän seslerinden düzülen sazlaşykly owazlar garyşýar-da, Garagumda hemişe mähribanlyk mukamy ýaňlanýar. Ýaýlanyň bu şirin owazy kalbyna siňen ynsan ony hemişe küýseýär. Sähranyň goýnunda kemala gelen çarwa çagalary ene hüwdüsiniň dowamyny ýaýlada diňleýär. Şu keremli topraga ata-baba göbek gany daman Sary Gulgeldiýew hem ýaşlykdan şol owazlara maýyl boldy. Çagalyk döwürleri agalary bilen mal bakýarka, sährada ýaňlanýan owazlar bilen teşne kalbyny gandyrdy. Ahal welaýatynyň Derweze obasynda köp çagaly maşgalada kemala gelen Sary Gulgeldiýewiň ýaşlykdan hemrasy aýdym-saz boldy. Toý sowup ýören bagşy bolmasa-da, kakasynyň dutar çalyp, aýdym-sazdan başy çykmagy, inisi Annanyň hem bu ugra höwesekligi Sary üçin uly goldaw boldy. Ol öýlerindäki dutary elinden düşürmezdi. Şeýdip oglanlykdan obada tutulýan toýlarda çykyş edip başlady. Sarynyň ýerine ýetirýän aýdymlaryny halk köpçüligi gyzgyn garşylady. Soňlugy bilen ol döwrebap saz gurallarynyň ýanynda-da aýdym aýtdy, akkordeon saz guralyny hem edindi.

Medeni diplomatiýanyň üstünlikleri

Garaşsyzlyk türkmen halkyna beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti bilen birlikde, şöhratly taryhyna, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň arasynda aýratyn orny bolan medeniýetine  buýsanmaga, guwanmaga we olary öwrenip, dünýä ýaýmaga-da çäksiz mümkinçilikler döretdi. Medeniýeti gojaman taryhyň özi ýaly gadymyýete kök uran halkymyzyň şol maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyklaryň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustyndan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýar.

Owazly dünýäniň aşygy

«Türkmeniň ak öýi». Ýarym aýlaw şekilli giň zalyň aşakdan başlap, ýokarsyna çenli uzalyp gidýän hatarlarynda mähelle hyň berýärdi. Bezemen sahnada bolsa bagşylardyr sazandalar yzly-yzyna çykyş edýärdiler. Asyrlardan aşyp, ýüreklerde hemişelik mesgen tutan halk aýdymlary ýerine ýetirilip, şirin mukamlar çalynýardy. Inçe sungata aşyk adamlar bolsa bir gulaga öwrülip, aýdym-saz diňleýärdiler. Bu gezek ak bagta deňelýän kaşaň bina Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyryna gatnaşýan ýaş bagşylardyr sazandalaryň ygtyýaryna berlipdi. Bäsleşik üçin berlen wagt tamamlandy, onuň ýeňijilerini yglan etmeli pursat gelip ýetdi. Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew ýeňijileri dabaraly ýagdaýda yglan etdi. Olaryň arasynda şu ýyl Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlap, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde mugallym bolup zähmet ýoluna başlan Akmyrat Hoşyýew hem bardy.

Sungat ojagynda

Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän etrabyň medeni-jemgyýetçilik durmuşy bilen tanyşmak üçin Medeniýet merkezinde bolduk. Sungat ojagynda giň ýaýrawa eýe bolan joşgunly çykyşlaryň belent owazyndan hojambazly ýaşlaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna ýokary taýýarlykly barýandyklaryny aňmak kyn däl. Saz gurallarynyň, tans hereketleriniň, aýdym-sazyň sesleri bilen sazlaşykly çykýan ýakymly owazyň ýaňlanýan otaglaryň birine girip, merkeziň «Şatlyk» halk aýdym we tans toparynyň ýolbaşçysy Alijan Urmanow bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşlikden mälim bolşuna görä, Alijanyň ýolbaşçylyk edýän topary indi 40 ýyla golaý wagt bäri täsirli çykyşlary bilen ýurdumyzyň baýramçylyk döwrelerini bezäp gelýär. Oglan-gyzlaryň 30-a golaýyny özünde jemleýän sungat toparynda çykyş edýän ýaşlar halkymyzyň milliligini, däp-dessurlaryny, türkmen tebigatynyň gözelligini öz döredijilik eserlerine ussatlyk bilen siňdirýärler. Toparyň hazynasyny indi ençeme ýyldan bäri «Bahar fantaziýasy», «Ýigitler», «Polat atly gyzlar gelýär», «Obadaky baýram», «Tanslar çemeni», «Ak guwlar» atly tanslar bezeýär. Şonuň ýaly-da tansçy oglan-gyzlar «Çapak», «Şakga bilezik» atly folklor oýunlary bilen garylyp ýerine ýetirýän milli tanslary bilen hem tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanýarlar.

Gözelligiň baky keşbi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen müňýyllyklaryň içinden geçip, kämilleşip gelen medeni mirasymyz has-da dabaralanýar, çuňňur öwrenilýär we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde wasp edilýär. Çeper elli ene-mamalarymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halylaryna salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesilden-nesle geçirip, her çitimine tükeniksiz yhlas siňdirip, halyny sungat derejesine ýetiripdirler. Türkmen sährasynyň gözelligini, al-ýaşyl güllere beslenen dag-düzüni nagyşlaryň üsti bilen beýan edipdirler. Haly halkymyzyň arzuw-umytlarynyň, inçe duýgularynyň älemgoşar ýaly öwüşgin salýan lälesidir. Ol jadyly reňkleriň dili bilen ýazylan ýürek ýazgysydyr. Ýüň, ýüpek, nah ýüplükler ýerlikli ulanylyp, sünnälenilip, halyçylaryň dilinde aýtsak, «sypamy ýetirilip» dokalan halylarymyz nagyşlaryň, reňkleriň, çitimleriň birliginde-bitewüliginde döredilen mukamdyr. Bu gün türkmen halysynyň gölleriniň şekili halkyň bitewüligini aňladyp, ýaşyl Tugumyzyň keşbini bezeýär.

Mähir siňen nepislik

Zenanlarymyzyň gözel dünýäsini has-da gözelleşdirýän el hünäri sungat derejesine ýetirilen özboluşly mekdepdir. Galkynyşly döwrümizde türkmen gelin-gyzlarynyň ellerinden çykýan nusgalyk işler dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Inçe el senetleri gyzlarymyzyň kiçilikden öwrenýän hünäri bolup, eneden-gyza nesilme-nesil geçip gelýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Ogulabat ejäniň baldyzynyň durmuş toýuna niýetläp, çeper elleri bilen sünnäläp bejeren kürtesi hem-de ören joraby Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylyp, olar türkmen senetçiliginiň naýbaşy nusgalary hökmünde muzeý gymmatlyklaryna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen bilelikde baryp, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň öz eli bilen sünnäläp taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny we alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny bu muzeýe tabşyrmagy täze taryhymyzdaky ajaýyp wakalaryň biri bolup, kalplarymyza iň ýakymly duýgulary peşgeş berdi. Häzirki wagtda halkymyzyň medeni mirasyna, milli däp-dessurlaryna uly ähmiýet berilýär. Ene-mamalarymyzyň döreden ajaýyp el işleriniň üstünden ençeme asyr ge

Gadymyýetden miras galan alajam

Ene-mamalarmyň hünäri bolan,Gadymyýetden miras galan alajam.«Dakylsa göz-dilden goraýar» diýlen,Gadymyýetden miras galan alajam. Ak bilen garadan alaja bolar,Ol hem birenaýy, sadaja bolar,Ak hem päk niýeti ýadyňa salar,Gadymyýetden miras galan alajam.

Medeniýetiň, sungatyň kämilleşýän eýýamy

Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de edebiýatymyzyň barha kämilleşýän döwrüdir» diýen dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna her birimiz şaýat. Medeniýetiň, sungatyň kämilleşmegi bolsa taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, milli mirasymyzyň galkynmagyny üpjün edýär. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy, kämilleşdirilmegi oňa bolan belent hormat-sarpadan nyşandyr. Häzirki wagtda medeniýet we sungat işgärleriniň döredýän eserlerinde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Diýarymyzyň ösüşleriniň waspy belentden ýetirilýär. Sebäbi täze eýýamda ýetilýän belent sepgitleriň özi ylhamyňa ylham goşýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen özara medeni hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerem diňe tarypa mynasypdyr.

Medeni miras — ebedi miras

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň ylmy esasda öwrenilmegi, döwrebap kämilleşdirilmegi, goralyp saklanylmagy we geljekki nesillere ýetirilmegi üçin häzirki wagtda köp işler durmuşa geçirilip, bu babatda muzeýlere uly orun degişlidir. Taryhy-medeni mirasymyzy goramak, aýawly saklamak, halkymyzyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de wagyz etmek işine biziň muzeýimiz hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Biz — muzeý işgärleri milli gymmatlyklarymyzy halkymyza ýetirmekde, bu ugurdaky işleriň täzeçe usullaryny durmuşa ornaşdyrmakda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Muzeýimizde guralýan baý many-mazmunly sergileriň medeni mirasymyzy wagyz etmekde aýratyn uly orna eýedigini bellemek gerek.

Hoş owazlar ýaňlananda

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan bagşylar we sazandalar gatnaşdylar. Açylyp ulanmaga berlen gününden bäri welaýat derejeli iri dabaralaryň, bäsleşikleriň geçirilýän ýerine öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasy şol gün has bezemen görnüşe geldi. Sahna welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary bilen bezelipdir. Bu gymmatlyklar halkymyzyň ruhy dünýäsiniň gözelligini özünde jemläpdir.

Çeýe hereketleriň ussady

Sahna — jadyly meýdança. Üns berýän bolsaňyz, islendik konsert bolsun ýa festiwal, tapawudy ýok, sahnanyň baş gahrymanlarynyň biri hökman tapawutlanyp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanýandyr. Bu şu ýylyň iýun aýynda geçirilen «Awaza — 2023» halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasynyň ajaýyp sahnasy babatda-da şeýle boldy. Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň «Akja ýar» folklor toparynyň agzasy, Sary daýza ady bilen tanalýan Ogulbäbek Halmämmedowa ýaşynyň segsenden agandygyna garamazdan, sahnada ýeňil gopup, muşdaklaryny haýrana goýup, şägirtlerine uly görelde görkezýär. Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk bu mährem ene dostluk festiwalyna diýseň taýýarlykly gelipdir. Onuň ýerine ýetiren çalasyndan çeýe hereketleri tomaşaçylaryň gözünden sypmaýşy ýaly, şowhunly dowam edýän festiwaldan täzelik gözläp ýören žurnalisti hem deňinden biperwaý geçirmedi.

Nusgalyk ömür — nesillere görelde

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan bu jemgyýetçilik guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary üçin paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine syýahat guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň eziz käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ýakynda agtyjaklary bilen bilelikde agzalan muzeýe gelip, gaýynenesi Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny muzeýe gowşurmagy bilen baglanyşykly taryhy wakanyň şanyna guralan syýahat «Nusgalyk ömür — nesillere görelde» diýlip atlandyryldy. Syýahata gatnaşyjylar muzeýe höwes bilen aýlanyp gördüler we ondaky sergilenen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nepislik bilen taýýarlan alajalary we bu nepis sungaty döretmek üçin ulanan iş guraly ildeşlerimizde aýratyn uly täsirleri galdyrdy. Olar Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny buýsanç bilen synladylar.

Taryha giren üç pursat

Saz saza ýol açdy Size gürrüň berjek wakalarym «Aýgytly ädim» filmi bilen baglanyşykly. Bu gürrüňleri eşidelim bäri köp ýyl geçipdir. Indi ondaky wakalary gylyny gyşartman takyk beýan etmek aňsat däl. Ýöne, başardygymdan, manysyny ýoýman beýan etmäge çalşaýyn.

Dana şahyryň döredijiligi — dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegi

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2022-nji ýylyň noýabryndaky mejlisinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şonda dana şahyryň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş türki dünýäsi üçin umumy gymmatlykdygy bellenildi. 2024-nji ýylda Türkmenistan beýik filosof we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellär. Şu ýylyň maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymgulynyň golýazmalar toplumyny «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt kabul edildi. ÝUNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji geňeşi 2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen 216-njy mejlisinde täze resmi miras obýektleri baradaky arzalary tassyklady, kararlar halkara maslahaty komiteti tarapyndan dünýä sanawyna girizilmegi üçin kabul edildi.

Ene kesbini ýöredýän zenan

Dynç günüdi. «Ol daglaryň aşygy» atly oçerkimiň gahrymany, Köpetdagyň eteginde dowar bakýan Allanazar çopandan el telefonyma jaň geldi. Onuň nämedir bir zada duýgulanany sesinden bildirip durdy. Ol: «Şu wagt radiodan seniň «Bize sen gerek!» atly oýlanmaňy diňledim. Dogan mähri, dogan didary baradaky ýürek sözleriňi özüň bolup ýetiren alypbaryja Oguljahan Mämikowamyka diýipdirin. Ýöne bu mümkin däl-ä. O nähili beýle bolýar?!» diýip janygýardy. Alypbaryjynyň halkymyzyň arasynda gyzgyn söýgä, uly abraýa eýe bolan ussat halypamyzyň gyzydygyny aýdanymda, sähranyň sada göwünli çopany: «Beýle-de bir meňzeşlik bor oguşýan...» diýip, öňküden-de geň galdy. Bolýan ekeni. Ussat alypbaryjy artist Oguljahan Mämikowanyň mahmal owazyna maýyl bolanlar onuň gyzy, «Miras» radioýaýlymynyň alypbaryjysy Nurjahan Saparowanyň mylaýym sesini tolgunman diňleýän däldirler. Çagalygy studiýada, sahnada geçen gyzyň ykbalynyň sungat, döredijilik bilen baglanmagy ýöne ýerden däl. Nurjahan türkmen kino sungatynda ajaýyp keşpleri döredip, taryhda öçmejek yz goýan goşa ägirdiň — Türkmenistanyň halk artistleri Durdy Saparowyň we Oguljahan Mämikowanyň eziz perzendi. Şonuň üçin Nurjahan barada gürrüň edilende, ilki bilen, «Aýgytly ädim» kinofilmini ýatlanyňy duýman galýarsyň. Bir tarapda Aýnanyň öweý ejesiniň, beýleki tarapda bolsa, Halnazar baýyň keşpleri göz öňüňde janlanýar. Ýatlamalar seni bir-de