Medeniýetiň, sungatyň kämilleşýän eýýamy

16 Awgust 2023
549

Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de edebiýatymyzyň barha kämilleşýän döwrüdir» diýen dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna her birimiz şaýat. Medeniýetiň, sungatyň kämilleşmegi bolsa taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, milli mirasymyzyň galkynmagyny üpjün edýär. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy, kämilleşdirilmegi oňa bolan belent hormat-sarpadan nyşandyr.

Häzirki wagtda medeniýet we sungat işgärleriniň döredýän eserlerinde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Diýarymyzyň ösüşleriniň waspy belentden ýetirilýär. Sebäbi täze eýýamda ýetilýän belent sepgitleriň özi ylhamyňa ylham goşýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen özara medeni hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerem diňe tarypa mynasypdyr.

Hajarbibi Nizamutdinowa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar