Sungat ojagynda

16 Awgust 2023
370

Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän etrabyň medeni-jemgyýetçilik durmuşy bilen tanyşmak üçin Medeniýet merkezinde bolduk. Sungat ojagynda giň ýaýrawa eýe bolan joşgunly çykyşlaryň belent owazyndan hojambazly ýaşlaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna ýokary taýýarlykly barýandyklaryny aňmak kyn däl. Saz gurallarynyň, tans hereketleriniň, aýdym-sazyň sesleri bilen sazlaşykly çykýan ýakymly owazyň ýaňlanýan otaglaryň birine girip, merkeziň «Şatlyk» halk aýdym we tans toparynyň ýolbaşçysy Alijan Urmanow bilen söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeşlikden mälim bolşuna görä, Alijanyň ýolbaşçylyk edýän topary indi 40 ýyla golaý wagt bäri täsirli çykyşlary bilen ýurdumyzyň baýramçylyk döwrelerini bezäp gelýär. Oglan-gyzlaryň 30-a golaýyny özünde jemleýän sungat toparynda çykyş edýän ýaşlar halkymyzyň milliligini, däp-dessurlaryny, türkmen tebigatynyň gözelligini öz döredijilik eserlerine ussatlyk bilen siňdirýärler. Toparyň hazynasyny indi ençeme ýyldan bäri «Bahar fantaziýasy», «Ýigitler», «Polat atly gyzlar gelýär», «Obadaky baýram», «Tanslar çemeni», «Ak guwlar» atly tanslar bezeýär. Şonuň ýaly-da tansçy oglan-gyzlar «Çapak», «Şakga bilezik» atly folklor oýunlary bilen garylyp ýerine ýetirýän milli tanslary bilen hem tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanýarlar.

Beýleki habarlar