Owazly dünýäniň aşygy

16 Awgust 2023
702

«Türkmeniň ak öýi». Ýarym aýlaw şekilli giň zalyň aşakdan başlap, ýokarsyna çenli uzalyp gidýän hatarlarynda mähelle hyň berýärdi. Bezemen sahnada bolsa bagşylardyr sazandalar yzly-yzyna çykyş edýärdiler. Asyrlardan aşyp, ýüreklerde hemişelik mesgen tutan halk aýdymlary ýerine ýetirilip, şirin mukamlar çalynýardy. Inçe sungata aşyk adamlar bolsa bir gulaga öwrülip, aýdym-saz diňleýärdiler. Bu gezek ak bagta deňelýän kaşaň bina Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyryna gatnaşýan ýaş bagşylardyr sazandalaryň ygtyýaryna berlipdi.

Bäsleşik üçin berlen wagt tamamlandy, onuň ýeňijilerini yglan etmeli pursat gelip ýetdi. Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew ýeňijileri dabaraly ýagdaýda yglan etdi. Olaryň arasynda şu ýyl Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlap, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde mugallym bolup zähmet ýoluna başlan Akmyrat Hoşyýew hem bardy.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar