Magtymguly dünýäli eserler

17 Awgust 2023
522

«Bäş gün»

Dünýäniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbi türkmen şekillendiriş sungatynda-da ör-boýuna galýar. Ussadyň akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne edebi mirasy türkmen suratkeşleri üçin tükeniksiz ylham çeşmesidir. B.Nuraly, A.Hajyýew, Ç.Amangeldiýew, Ý.Baýramow, H.Annaçaryýew, P.Garryýew, S.Meredow, P.Popow, A.Şetinin, M.Nurymow, B.Annamyradow, B.Esengeldiýew, M.Seýitmyradow, S.Babaýew ýaly birnäçe belli döredijilik şahsyýetleri akyldaryň şahyrana mirasyny öňe çykardy. Şolaryň biri-de «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat grafikaçy Hajy Atakgaýewdir.

Aýjan KADYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar