Nusgalyk ömür — nesillere görelde

15 Awgust 2023
577

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan bu jemgyýetçilik guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary üçin paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine syýahat guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň eziz käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ýakynda agtyjaklary bilen bilelikde agzalan muzeýe gelip, gaýynenesi Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny muzeýe gowşurmagy bilen baglanyşykly taryhy wakanyň şanyna guralan syýahat «Nusgalyk ömür — nesillere görelde» diýlip atlandyryldy.

Syýahata gatnaşyjylar muzeýe höwes bilen aýlanyp gördüler we ondaky sergilenen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nepislik bilen taýýarlan alajalary we bu nepis sungaty döretmek üçin ulanan iş guraly ildeşlerimizde aýratyn uly täsirleri galdyrdy. Olar Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny buýsanç bilen synladylar.

Beýleki habarlar