"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Akyldaryň hormatyna

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Balkan welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleriniň hem-de Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny we söz ägirdiniň edebi mirasyny halka wagyz etmek maksady bilen, dabaraly maslahat geçirildi. Magtymguly etrap merkezinde «Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy» ady bilen guralan çäräniň öň ýanynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki ajaýyp seýilgähde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

«Türkmenfilm» Funtowoda Magtymguly baradaky filmiň käbir pursatlaryny surata düşürýär

Şu günler Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri Astrahanda döredijilik saparynda bolup, Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi surata düşürýärler. Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň häkimliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, filmiň esasy pursatlary Priwolžskiý etrabynyň Funtowo obasynda, ozal Türkmenistanyň hasabyna gurlan, şahyryň adyny göterýän umumybilim berýän mekdepde surata düşürildi.

Pyragynyň paýhasy wasp edilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerine baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryny okap bermegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda ajaýyp waka boldy. Milli Liderimiziň şonda täze okuw ýyly mynasybetli ýaş nesillere teatrlarda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bagly sahna eserlerini görkezmek barada beren tabşyryklary esasynda, düýn — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň teatrlarynda beýik şahyryň ömür we döredijilik ýoluna bagyşlanan sahna eserleri halk köpçüligine görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlan, Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili N.Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy esasynda sahnalaşdyrylan «Köňüller kelamy» atly sahna oýny Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylaryna hödürlenildi. Bu sahna eserinde şöhratly taryhymyzda bir obanyň sada ýaşaýjysynyň Magtymguly Pyragynyň diwanyny bir düýe berip satyn alşy, näçe kynçylyklary başdan geçirse-de, kitaby maşgalanyň mukaddesligi hökmünde arzylap-apalap saklaýşy, Pyragynyň şygyrlar kitabynyň tutuş obanyň milli gymmatlygy hökmünde uly b

Magtymguly teatr sahnasynda

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 17-nji awgustda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyranda 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlarynyň goýulmagynyň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şundan ugur alyp, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary režissýor Bagtyýar Abaýewiň halypa ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy esasynda «Köňülleriň senasy» atly spektaklyny taýýarlady. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna halkymyzyň goýýan belent sarpasyny çeper keşpler arkaly täsirli beýan edýän spektaklda B.Kerimow, D.Hojageldiýew, G.Muhammetgulyýewa ýaly belli artistler esasy keşpleri ýerine ýetirýärler. Ylym-bilimiň belent sarpasyna bagyşlanan spektakl Bilimler we talyp ýaşlar gününde halkymyza we ýaş neslimize toý sowgady boldy.

Sirk ussatlarynyň çykyşlary

Şu günler Russiýanyň döwlet sirkiniň Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň we «Московский цирк Никулина на Цветном бульваре» we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň bilelikdäki çykyşlaryna ýurdumyzda uly höwes bilen tomaşa edilýär. Dostlukly ýurduň sirk ussatlarynyň öz türkmen kärdeşleri bilen Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, Türkmenistanyň döwlet sirkinde, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda görkezen çykyşlary tomaşaçylary gadymy sungatyň täsinlikleri bilen tanyşdyrdy. Ýakyn günlerde olar Balkan welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda çykyş ederler.

Alym mugallym

Durmuşda şeýle bir adamlar bolýar: olar bilen didarlaşanyňda kalbyňy geň-täsin bir duýgy gurşap, özüňi başga bir dünýä düşen ýaly duýýarsyň. Beýle adamlar durmuşdan sapak alyp, taplanyp, öz käriniň ussady bolup ýetişenlerdir. Biz hem şundan misil tutup, saz sungatyna örküni baglan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýewiň sungat ýoly barada söhbet etmegi makul bildik. Geçen asyryň ortalarynda, has takygy, 1953-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy obasynda dünýä inen Çaryýar Jumaýewiň ykbaly çagalyk ýyllaryndan başlap durmuş bilen göreşmäge iterýär. Ejesinden ir aýra düşen oglan zehiniňi açyp, durmuş kynçylyklaryndan saplanyp bolýandygyna akyl ýetirýär.

Akyldaryň sarpasy

27-nji awgustda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen «Arkadagyň paýhasyndan sarpaň belent, Pyragy!» atly aýdym-sazly dabara beýik akyldaryň belent hormat-sarpasyna öwrüldi.

Suratkeşleriň döredijilik duşuşygy

Ýakynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynyň sergi zalynda Aşgabat şäherinden, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň suratkeşleriniň ilkinji gezek geçirilýän döredijilik maslahatynyň jemi jemlenilip, olaryň döreden portret we natýurmort eserleriniň sergisi guraldy. Ýedi günüň dowamynda suratkeşler biri-birleri bilen özara pikir alşyp, geljekde ömrüni sungata baglajak ýaşlara öz durmuş we zähmet ýollary barada gürrüň berdiler. Lebabyň bereketli topragyna, gözel künjeklerine, näz-nygmatly türkmen saçagyna bagyşlap birnäçe eserleri döretdiler. Döredijilik duşuşygynyň jemine bagyşlanan dabarada suratkeşler H.Allaşükürowa, M.Ýagşymyradowa, R.Abdullaýewa, O.Akmyradowa we beýlekilere höweslendiriji diplomlar gowşuryldy.

Ýaşlyk joşguny

25-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän telebäsleşigiň deslapky etrap, welaýat tapgyrlarynda üstünlik gazanyp, jemleýji tapgyra çykmagy başaran aýdymçy ýaşlar merjen şäheriň kalbyňy joşdurýan nurana agşamynda özleriniň şirin aýdymlary bilen tomaşaçylaryň göwnüni göterdiler. Bäsleşikde 12 sany ýaş aýdymçynyň ýerine ýetiren aýdymlaryna eminler topary mynasyp baha berdiler.

Ýaş toýy (Gülküli hekaýa)

Döwletiň goňşusy Geldi ýaş toýuny belleýärdi. Toýa goňşular bilen bileräk barmak üçin Döwlet dosty Berdiniň öýlerine jaň etdi. — Berdilermi?

Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy

Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrap merkezinde dabaraly çäre geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny hem-de beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen «Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy» diýen at bilen geçirilen dabaraly çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Balkan welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşi bilelikde guradylar.

Şanly senä bagyşlap

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik we tehniki topary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamak maksady bilen, doganlyk döwletlerde akyldar şahyra bagyşlanan dokumental filmleriň tapgyryny surata düşürmek işlerini ýola goýdy. Bu babatda alnyp barylýan işler barada birleşigiň başlygynyň döredijilik işleri boýunça orunbasary, kinorežissýor Sahysalyh Baýramow bilen söhbetdeş bolduk. — Sahysalyh aga, ýakynda metbugat sahypalarynda türkmen we rus kinematograflarynyň arasynda Astrahan sebitinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan filmiň surata düşüriljekdigi barada habarlar peýda boldy. Diýmek, birleşik uly bir tutumyň başynda bolmaly?!

Sungata sarpaly döwür

Medeniýetimize we sungatymyza egsilmez sarpa goýulýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli sungat ojaklarynda alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryndan ugur alnyp kämilleşdirilýär. Şeýle işlerde millilige, däp-dessurlarymyza uly orun berilmegi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Sebäbi halkymyzda ozaldan dowam edip gelýän ýol-ýörelgeleriň, däp-dessurlaryň asyl nusgasynda ýaşlara ýetirilmeginiň ähmiýeti örän ýokarydyr. Türkmen medeniýeti we sungaty bu günki gün dünýä çykýar. Şeýle-de medeniýetiň we sungatyň ösmegine mynasyp goşant goşýan ýaşlary kemala getirmek, olardan has zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly aýdym-saz bäsleşikleriniň halkyň arasyndaky meşhurlygy ýylba-ýyldan artýar. Sebäbi aýdymdyr saz adamyň kalbyny joşdurýar, ony täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Halkyň ruhy hazynasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda medeniýet ulgamynda belent sepgitlere ýetilýär. Halkyň ruhy hazynasy bolan, köküni gadymyýetden alyp gelýän milli medeniýetimiz we sungatymyz ajaýyp zamanamyzda täze röwüşlere beslenýär. Döwrüň belent ruhuny wasp etmekde, halkymyzy täze-täze üstünliklere ruhlandyrmakda medeniýetiň we sungatyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, berkarar döwletimizde muzeý gymmatlyklaryny, milli mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleriniň arasynda halkara medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Bu gatnaşyklar bolsa halkary dostlaşdyrýar we ysnyşdyrýar, tejribe alyşmaga, halklaryň köpöwüşginli medeniýetleri bilen giňden tanyşmaga mümkinçilikleri döredýär. Medeni gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli däplere, asylly ýörelgelere sarpa goýýan ýurdumyzyň, halkymyzyň abraýyny belende göterýär.

Bagban bagyndan belli

Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Altyn ýyldyz» toý mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde guramagynda «Ussat bagban» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem paýtagtymyzdan deslapky tapgyrlarda üstün çykan bagbanlar gatnaşdylar.

Köptaraply zehin

Günbe-günden ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir şöhratly ýylynda bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp, olarda ýaňlanýan şirin aýdym-sazlarda eziz Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleriň, tebigat gözellikleriniň waspy belentden ýetirilýär. Şeýle aýdym-sazlary ezberlik bilen ýerine ýetirýän ýaş zehinlerimiziň sanardan köpdügi bolsa, aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Aýdym aýtmaga çagalykdan başlap, özüniň mahmal owazy bilen adamlaryň göwünlerinde ýer almagy başaran ýaş zehinleriň biri-de Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülsoltan Saparowadyr. Köptaraply zehin bäş ýaşyndaka çagalar we ýetginjekler döredijilik öýündäki ýaş suratçylar gurnagyna gatnap başlaýar. Surat çekmek boýunça geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Gülsoltan soňra tarada keteni dokamaklygy öwredýän, şeýle-de aýdym-saz gurnaklarynda hem tälim alyp ugraýar. Zehinli gyzy aýdym-saza bolan höwesi welaýat çagalar sungat mekdebiniň «Teatr» bölümine alyp gelýär. Ol bu bölümi tapawutlanan bahalar bilen tamamlaýar. Onuň zehinli okuwçylaryň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiklerine gatnaşybam baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Joşgunly köňülleriň festiwaly

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli welaýatymyzyň dessançy bagşylarynyň «Garaşsyzlyk — dillerimiziň dessany» atly festiwaly ýakymly, ýatdagalyjy pursatlara beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de Daşoguz şäherindäki bagşylar muzeýiniň bilelikde guramagynda geçirilen festiwalyň çäklerinde guralan maslahatdyr medeni çäreler many-mazmuna baýlygy, şatlyk-şowhunlylygy bilen tapawutlandy. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda festiwalyň açylyş dabarasy boldy.

Kämilligiň ýolunda

Ýakynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň sergiler zalynda suratkeşleriň döredijilik duşuşygy geçirildi. Welaýatymyzda indi ikinji gezek geçirilýän duşuşyga Aşgabat şäherinden, Ahal, Lebap, Mary welaýatlaryndan nakgaş we grafikaçy suratkeşleriň uly topary gatnaşdy. Olar döredijilik duşuşygynyň maksatnamasyna laýyklykda portret we natýurmort žanrlarynda işleriň birnäçesini ýerine ýetirdiler, şeýle-de özara tejribe alyşdylar. Suratkeşlerde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Türkmenabat şäheriniň gözel ýerlerinde, Amyderýanyň kenarynda gezelençde bolmak hem ýatdan çykmajak täsirleri döretdi. Duşuşygyň ahyrky gününde sergiler zalynda suratkeşleriň döreden eserleri ýaýbaňlandyryldy. Suratkeşler bary-ýogy bir hepdäniň dowamynda kämil eserleriň ellä golaýyny döredipdirler. Diýmek, dünýäniň çeperçilik sungatynyň hazynasyna gadymy we gözel Lebapdan şunça goşant goşuldy. Ussat suratkeşlere Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi, onuň welaýat şahamçasy hem-de welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Arzuwlary wysal boldy

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat etrabyndaky galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy Babajan Rozyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Babajan Rozyýew bu ýeňşini özüniň arzuwlarynyň wysal bolmagy hasaplaýar. Aýdymçy ýigit Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda bäsleşigiň beýleki ýeňijileri bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.

Ak niýetiň alamaty alaja

Türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti uludyr. Zenanlarymyz tarapyndan döredilip, sungat derejesine ýetirilen el işleri özleriniň nepisligi bilen tapawutlanýar. Alaja örmek hem şeýle el işleriniň hatarynda mynasyp orun alyp, ol halkymyzda tumar hökmünde ulanylýar. Ene--mamalarymyz çeper elleriniň hünäri bilen ýönekeýje sapaklardan alaja örüp, ony ajaýyp bir sungata öwürmegi başarypdyrlar. Alaja, köplenç, ak hem-de gara reňkli sapaklaryň işilmeginden emele gelýär. Ony ähli el işlerimizde-de giňden ulanýarys. Ak niýetiň alamaty bolan alaja gözden-dilden goraýjy hökmünde hem uly ynanja eýedir.