Magtymguly teatr sahnasynda

31 Awgust 2023
650

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 17-nji awgustda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyranda 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlarynyň goýulmagynyň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şundan ugur alyp, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary režissýor Bagtyýar Abaýewiň halypa ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy esasynda «Köňülleriň senasy» atly spektaklyny taýýarlady. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna halkymyzyň goýýan belent sarpasyny çeper keşpler arkaly täsirli beýan edýän spektaklda B.Kerimow, D.Hojageldiýew, G.Muhammetgulyýewa ýaly belli artistler esasy keşpleri ýerine ýetirýärler. Ylym-bilimiň belent sarpasyna bagyşlanan spektakl Bilimler we talyp ýaşlar gününde halkymyza we ýaş neslimize toý sowgady boldy.

Beýleki habarlar