Suratkeşleriň döredijilik duşuşygy

31 Awgust 2023
439

Ýakynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynyň sergi zalynda Aşgabat şäherinden, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň suratkeşleriniň ilkinji gezek geçirilýän döredijilik maslahatynyň jemi jemlenilip, olaryň döreden portret we natýurmort eserleriniň sergisi guraldy. Ýedi günüň dowamynda suratkeşler biri-birleri bilen özara pikir alşyp, geljekde ömrüni sungata baglajak ýaşlara öz durmuş we zähmet ýollary barada gürrüň berdiler. Lebabyň bereketli topragyna, gözel künjeklerine, näz-nygmatly türkmen saçagyna bagyşlap birnäçe eserleri döretdiler. Döredijilik duşuşygynyň jemine bagyşlanan dabarada suratkeşler H.Allaşükürowa, M.Ýagşymyradowa, R.Abdullaýewa, O.Akmyradowa we beýlekilere höweslendiriji diplomlar gowşuryldy.

Ogulgerek AGAJANOWA,
sungaty öwreniji.
Beýleki habarlar