Kämilligiň ýolunda

30 Awgust 2023
549

Ýakynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň sergiler zalynda suratkeşleriň döredijilik duşuşygy geçirildi. Welaýatymyzda indi ikinji gezek geçirilýän duşuşyga Aşgabat şäherinden, Ahal, Lebap, Mary welaýatlaryndan nakgaş we grafikaçy suratkeşleriň uly topary gatnaşdy. Olar döredijilik duşuşygynyň maksatnamasyna laýyklykda portret we natýurmort žanrlarynda işleriň birnäçesini ýerine ýetirdiler, şeýle-de özara tejribe alyşdylar. Suratkeşlerde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Türkmenabat şäheriniň gözel ýerlerinde, Amyderýanyň kenarynda gezelençde bolmak hem ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Duşuşygyň ahyrky gününde sergiler zalynda suratkeşleriň döreden eserleri ýaýbaňlandyryldy. Suratkeşler bary-ýogy bir hepdäniň dowamynda kämil eserleriň ellä golaýyny döredipdirler. Diýmek, dünýäniň çeperçilik sungatynyň hazynasyna gadymy we gözel Lebapdan şunça goşant goşuldy. Ussat suratkeşlere Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi, onuň welaýat şahamçasy hem-de welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar