Alym mugallym

31 Awgust 2023
548

Durmuşda şeýle bir adamlar bolýar: olar bilen didarlaşanyňda kalbyňy geň-täsin bir duýgy gurşap, özüňi başga bir dünýä düşen ýaly duýýarsyň. Beýle adamlar durmuşdan sapak alyp, taplanyp, öz käriniň ussady bolup ýetişenlerdir. Biz hem şundan misil tutup, saz sungatyna örküni baglan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýewiň sungat ýoly barada söhbet etmegi makul bildik.

Geçen asyryň ortalarynda, has takygy, 1953-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy obasynda dünýä inen Çaryýar Jumaýewiň ykbaly çagalyk ýyllaryndan başlap durmuş bilen göreşmäge iterýär. Ejesinden ir aýra düşen oglan zehiniňi açyp, durmuş kynçylyklaryndan saplanyp bolýandygyna akyl ýetirýär.

Beýleki habarlar