Sungata sarpaly döwür

30 Awgust 2023
383

Medeniýetimize we sungatymyza egsilmez sarpa goýulýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli sungat ojaklarynda alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryndan ugur alnyp kämilleşdirilýär. Şeýle işlerde millilige, däp-dessurlarymyza uly orun berilmegi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Sebäbi halkymyzda ozaldan dowam edip gelýän ýol-ýörelgeleriň, däp-dessurlaryň asyl nusgasynda ýaşlara ýetirilmeginiň ähmiýeti örän ýokarydyr.

Türkmen medeniýeti we sungaty bu günki gün dünýä çykýar. Şeýle-de medeniýetiň we sungatyň ösmegine mynasyp goşant goşýan ýaşlary kemala getirmek, olardan has zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly aýdym-saz bäsleşikleriniň halkyň arasyndaky meşhurlygy ýylba-ýyldan artýar. Sebäbi aýdymdyr saz adamyň kalbyny joşdurýar, ony täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Parahat Şyhyýew,
Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar