"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milliligi döwre sazlaýan dizaýner

Gadymy milli däp-dessurlary aýap saklamagyň, olary nesilden-nesle geçirmegiň ýeňil iş däldigini hemmeler bilýär. Döwür özgerdigiçe, nesilleriň isleg-arzuwlary hem üýtgeýär, özgerýär. Has gadymy döwürlerden bärligine mysal getirsek, ozal balykgulakdan monjugynyň bolanyny islän zenanlar, soňlugy bilen, misden, bürünçden, kümüşden we has soň altyndan ýasalan monjuklaryň hyrydarlaryna öwrüldiler. Olar altyndan monjuga aňryýany bilen mynasypdyrlar. Çünki sungat, millilik diýlende-de, ilki bilen, zenan zehininden, zenan ellerinden dörän gymmatlyklar göz öňüňe gelýär. Söýmek, döretmek, arzuw-umyt etmek ýaly iň näzik duýgularyň zenanlaryň kalbynda has çuň orun alandygy üçin, olar döredýän ähli zatlaryna barja arzuw-umytlaryny siňdirip, söýgi bilen döredýärler welin, oňa «sungat» diýmän, başga näme diýjegiňem bilmeýärsiň. Sungat derejesine ýeten zatlary bolsa halklar öz milli gymmatlyklary, baýlygy hasaplaýarlar. Diňe döretmekde däl, eýsem, halkyň milli baýlyklaryny nesilden-nesle geçirmekde-de zenanlar öz güýç-gaýratyny görkezip gelýärler. El işleriň ähli görnüşlerini döwre görä kämilleşdirseler-de, olaryň inçeligini we halkyň milliligine mahsus özboluşlylygyny saklap gelýärler. Öz halkynyň milli gymmatlyklaryny jandan söýýän we milli lybaslaryny döwrebap äheňde döretmegi dowam edýänleriň biri hem hytaý zenany Guo Peýdir. Ýokary derejeli nysakçy hökmünde dünýäde uly meşhu

Zehin zehinden zyýada

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda «Joşgun» atly täze akapella çagalar ansambly döredildi. Akapella hor toparyna bu okuw mekdebinde dürli hünärler boýunça okaýan okuwçylar gatnaşýarlar. Bu toparda türkmen halypa kompozitorlarynyň, şeýle-de dünýä belli daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdymdyr sazlary, çagalar üçin döredilen meşhur häzirki zaman eserleri täzeden işlenilip, ýerine ýetirilýär. Çagalar akapella aýdymlaryny üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerine ýetirýärler.

Medeniýetler sözleşende

Medeniýet, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, halkyň kalbydyr. Medeniýet — ynsan köňlüniň nury. Medeniýet — milli baýlyklaryň altyn täji. Medeniýet — behişdiň zemin gözelligi. Medeniýet — jemgyýetiň jebisligi. Hut şonuň üçin-de häzirki bagtyýar döwrümizde medeniýet halklary bir supranyň başyna jem eýleýär, agzybirligi berkidýär. Medeniýetiň ynsan göwnüni al-asmana göterýän güýji ýürekleri gülledip, ömürleri nurlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda-da giň gerimli gatnaşyklar alnyp barylýar. Kökleri, dili, umumy däp-dessurlary bir bolan iki halkyň arasynda medeniýet ulgamynda-da işjeň hyzmatdaşlyk saklanylýar. Muňa ýakynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly geçirilende-de, yzysüre 18-20-nji noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzda geçirilen Medeniýet günlerinde-de aýdyň göz ýetirdik.

Geçmişden gözbaşly goňşuçylyk türkmen-eýran gatnaşyklarynda beýanyny tapýar

Eýran topragynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi hem halkara giňişlikde milli gymmatlyklara goýulýan sarpanyň nobatdaky şöhlelenmesidir. Onuň çäklerinde türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni mirasyny açyp görkezýän, halkymyzyň ruhy gymmatlyklar dünýäsini giňden tanyş edýän çäreler meýilleşdirildi. Döwletara gatnaşyklaryndaky başlangyçlardan ugur alýan, 23-nji noýabrda açylan Medeniýet günleri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda mynasyp beýanyny tapan ýurduň Yspyhan şäherinde dowam edýär. Bu medeni öwüşginli günler şäheriň «Talari Honar» zalynda açyldy. Onda türkmen medeniýet we sungat ussatlary joşgunly çykyş etdiler.

Bagtdan paýly ýaşlar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-18-nji noýabry aralygynda gadymy Merwde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň ýokary derejede geçen «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy hem boldy. Türkmen ýaşlarynyň uly topary şu baýragyň eýeleri boldular. Şeýle sylaga mynasyp bolan dörediji ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny size ýetirýäris.

Ýaşlyk sergisi

20-nji noýabrda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda» atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi öz işine başlady. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýarly Baýramowyň, Mämmet Mämmedowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Nyýazmyrat Dowodowyň, Saparmämmet Meredowyň, suratkeş Ýewgeniý Grişiniň we beýlekileriň ajaýyp nakgaş eserleri görkezilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Alekseý Şetiniň, heýkeltaraş Artur Abramowyň, Ata Ataýewiň, Amanmuhammet Hydyrowyň, Annameret Taganowyň sport temasynda ýaşlary wasp edýän heýkel eserleri olary synlamaga gelýän uniwersitetiň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryna ýakymly duýgulary bagyş edýär.

Sungatda sportuň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri şekillendiriş sungatymyzyň ösüşine we many-mazmunyna-da öz oňaýly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda halypa mugallymlaryň goldamagy esasynda talyp ýaşlarymyz hem gözlegde bolup, öz pikirlerini şekillere geçirýärler. Munda nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, gobelen, keramika, zergärçilik işleri aýratyn orun tutýar. Çagalaryň sporta we bedenterbiýä bolan höwesi ýaş suratkeş Gülşat Çaryýewanyň çeken «Buzly köşkde» (2017) atly eserinde öz beýanyny tapýar. Halypasy Babageldi Owganowyň ýardam bermegi bilen ýaş suratkeş öz döreden eserinde çagalaryň sport başarnyklaryny, çeýe hereketini, şadyýan keşbini we sporta bolan söýgüsini janly ýaly görkezmegi başarypdyr.

Doganlyk ýurduň Medeniýet günleri geçirildi

Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen guralan bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşant bolar. Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere iki ýurduň medeniýet ulgamynyň, Aşgabatda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Ýygnananlar döredijilik forumyny guramaga döredilen mümkinçilik üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de şu gezekki çäräniň türkmen we türk halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşdyrylmagyna, döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Teatr sungatynyň gazananlary

ýurdumyzda geçirilen festiwalda öz beýanyny tapdy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini bir ýere jemledi. Olar meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlary hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenler we teatry öwrenijilerdir.

Sungatlar söhbetleşende...

Bakytmek AKMATOW, Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň Appaz Žaýnakow adyndaky sazly drama teatrynyň direktory: — Teatr sungatyň islendik görnüşi ýaly, şol bir döredijilik dilinde gürleşmäge mümkinçilik berýär. Aşgabatda we Arkadag şäherinde geçirilen teatr festiwaly biziň ýurtlarymyzyň milli medeniýetini görkezmäge mümkinçilik döretdi. Türkmen halkynyň myhmansöýerligi, bu ýerde gyzykly eserler bilen guralan tanyşlyklar mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Bagtyýar çagalygyň Diýary

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň mekany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, Aşgabat şäheriniň 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň, Aşgabat şäheriniň 165-nji çagalar bagynyň mugallymlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Teatr — döwrüň keşbi

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, medeniýetiň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, teatr sungatyna-da aýratyn üns berilýär. Teatrlarymyzda döwürleriň we durmuşymyzyň hemme ugurlary boýunça sahna eserleri tomaşaçylara hödürlenilýär. Şol sahna eserleri diňe bir öz ýurdumyzyň tomaşaçylarynyň däl-de, eýsem, dünýä teatr muşdaklarynyň ünsüni çekýär, olarda uly gyzyklanma döredýär. Muňa teatr artistlerimiziň halkara derejede gazanýan üstünlikleri-de şaýatlyk edýär. Geçirilýän halkara festiwallar teatr sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine ýakyndan ýardam edýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň teatr wekillerini bir ýere jemledi.

Şadyýan gurjaklar şatlyk paýlaýar

Nurana geljegimiziň eýeleri, köňüllerimiziň guwanjy bolan çagalaryň bagtyýarlygy, olaryň milli ruhumyza laýyk edep-terbiýeli, belent ahlakly nesiller bolup ýetişmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň biridir. Şeýle asylly maksada ýetmekde medeniýetimiziň, sungatymyzyň orny örän uludyr. Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussatlarynyň şu günler welaýatymyzyň merkezi Balkanabat şäherinde döredijilik saparynda bolup, orta mekdeplerde hem-de çagalar baglarynda «Towşanjygyň öýi» hem-de «Şadyýan sahnalar» atly çykyşlary bilen bagtyýar nesilleri begendirmekleri munuň özboluşly subutnamasyna öwrülýär. Mekdep okuwçylary hem-de bagtyýar körpeler tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanýan çykyşlar wakalarynyň gyzyklylygy, täsirliligi bilen tapawutlanyp, sahna oýunlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar çagalarynda dostluk, birek-birege hormat goýmak, goldaw-hemaýat etmek, tebigatyň her bir ajaýyplyklaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini söýmek ýaly belent ahlak gymmatlyklaryny has-da kämilleşdirmegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, sporta we bedenterbiýä bolan höweslerini artdyrmak ýaly tagallalar hem şeýle asylly maksatlaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussatlarynyň bilim-terbiýe ojaklarynda guraýan çyk

Dost-doganlyk dabaralanýar

Ýurdumyz bu gün halkara derejesindäki çäreleriň geçýän ýerine öwrüldi. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisiniň, Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumyň üstünlik geçirilmegi buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr. Medeniýetiň halklary özara birleşdirýän, jebisleşdirýän güýji bar. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerinde bu hakykat has äşgär duýuldy. Giň göwrümli maksatnamanyň çäginde geçirilen Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýindäki amaly-haşam sungatynyň sergisi, milli türk tagamlarynyň tanyşdyrylyşy, Türkiýäniň milli we häzirki zaman lybaslarynyň tanyşdyrylyşy, türk režissýorlarynyň filmleriniň görkezilişi hem-de beýleki köp sanly çäreler uly gyzyklanma döretdi. Bu zatlar türk medeniýetiniň we sungatynyň ýeten sepgitlerine we ösüş meýillerine göz ýetirmäge özboluşly mümkinçilik açdy.

Halklary jebisleşdirýän jadyly sungat

14—16-njy noýabrda paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly sahnanyň jadylaýjy güýjüniň doganlyk halklary has-da jebisleşdirýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna aýratyn şan beren teatr sungatynyň bu uly baýramy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň sahna ussatlaryny bir supranyň başyna jemledi. Altyn güýzüň soňky aýynyň ajaýyp gününde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Ol ýerde festiwala gatnaşyjy teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de edebi-çeper çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň teatr artistleriniň we tans toparlarynyň görkezen «Türkmeniň ýoly—parahatçylyk, dostluk, doganlyk ýoly» atly edebi-sazly teatrlaşdyrylan sahnasy festiwalyň açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Baş akademiki drama teatrynyň kaşaň binasynyň giň zalynda guralan sergini türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, grafikaçylarynyň, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň we sahna bezegçileriniň ajaýyp eserleri bezedi. Hormatly Prezidentimiziň «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, öz gözbaşyny halk

Şäherlere nusgalykdyr Aşgabat

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli ýörelgä ygrarlylygy bilen külli türkmene, tutuş adamzada görelde bolup, dünýä ýüzünde ata Watanymyzyň, milletimiziň abraý-mertebesini has belende göterýärler. Sözümi asyryň ýa döwrüň dowamynda gazanylan üstünlikler bilen däl-de, eýsem, bir ýylyň içinde, has takygy, soňky döwürde durmuşda şöhlelendirilen şatlykly wakalar bilen delillendiresim gelýär. Döwrüň talaplaryna dogry düşünýän, döwletiň ösdüriji güýji hasaplanýan ýaşlara bagyşlanan ýylda, «Şäherleriň bütindünýä gününde» ata Watanymyzyň paýtagty, merjen şäher Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky hoş habar dünýä türkmenleriniň hem göwün guşuna ganat baglatdy. Elbetde, biz bu ýokary derejäni zähmetsöýer hem agzybir halkymyzyň, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Arkadagymyzyň, peder ýoluna berk eýerýän belent mertebeli Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryna berlen ýokary baha diýip düşünýäris. Bu babatda ösüşiň milli hem-de aýdyň ýoluny saýlan hemişelik Bitarap döwlet tarapyndan 2021-nji ýylda milli topar döredilip, ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri, komitetleri, halkara hünärmenleri bilen bilelikde işe başlapdy.

Nepislik dünýäsi

Hormatly Prezidentimiziň käbesi, halypa halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, ýüwürdilgi hala alaja nagşyny çitmesi hakydalara ýakymly ýatlamalary bagyş etdi. Bu ajaýyp pursatlar türkmeniň maşgala terbiýesiniň, halypa-şägirtlik ýörelgesiniň durmuş hakykatyny görkezdi. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan haly dokamak türkmen zenanlaryna mahsus el hünäridir. Gahryman Arkadagymyz ilhalar eserlerinde, çuň manyly çykyşlarynda, maşgala mukaddesliklerini gorap saklamakda, watansöýüji, ynsanperwer nesilleri kemala getirmekde mähriban enelerimiziň uly orun eýeleýändigini aýratyn belleýär. Bu agzybir halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçip, dowam etmeginde hem şeýle.

«Ýüzük-ýüzük» oýny

Türkmenler şahandaz halk bolansoň, toý-baýramlaryny örän şowhunly, şagalaňly geçirmegi başarýar. Toýlarymyzyň şowhunyny artdyrýan zatlaryň biri-de türkmen milli oýunlarydyr. Özem biziň milli oýunlarymyz «Sanasaň sogaby köp» diýleni. Olardan at çapmak, altyn gabak atmak, ýaglyga towusmak, göreş tutmak ýaly oýunlara, esasan, ýaşlar gatnaşýan bolsalar, ýaşulular aglaba ýüzük oýnuny oýnaýarlar. Bu oýna «Keçe-keçe» hem diýilýär. Türkmen milli oýunlarynyň özboluşly aýratynlyklary bolup, olaryň biri adamy beden taýdan taplaýan bolsa, beýlekisi ruhy-aň sagdynlygyňy berkidip, millilik duýgyňy joşdurýar. Ýöne, esasan, ýaşulularyň oýnaýanlygy sebäpli, ýüzük oýnunyň häsiýetli aýratynlygy beýleki oýunlardan düýpgöter tapawutlanýar. Bu oýun adamyň ýüreginiň giňligini, sabyrlylygyny, ünsli we üşükli bolmagyny, ugurtapyjylygyny hem-de töwekgelligini synagdan geçirýär. Şonuň üçin bu oýny, köplenç, akyl-paýhasy goýalyşan, durmuş tejribesi ýetik ýaşulular oýnaýarlar.

Halklar ýakyn — kalplar ýakyn

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has-da ösdürilýär. «Bir millet — iki döwlet» diýlip häsiýetlendirilýän doganlyk gatnaşyklar dostlugy berkitmäge, asyrlardan gözbaşly medeni köprini pugtalandyrmaga ýardam edýär. Biz muny 18 — 20-nji noýabrda Türkmenistanda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň mysalynda-da aýdyp bileris. Medeni gatnaşyklaryň nobatdaky sahypasyna öwrülen bu çärä gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen türkiýeli myhmanlaryň birnäçesiniň pikirlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Sazyň gudraty

Şahyr Gurbannazar Ezizow edebi makalalarynyň birinde «Nury Halmämmedow professional kompozitor hökmünde «Dutaryň owazyndan» başlanýarmyka öýdýän» diýýär. Ussadyň bu sazy 1962-nji ýylda ýaş kompozitorlaryň Moskwada geçirilen bäsleşiginde birinji derejeli diploma mynasyp bolýar. Türkmen halk sazyny özüniň birinji mugallymy hasaplan ussat «Dutaryň owazyny» ikinji bir ussada — sungat ägirdi Mylly Täçmyradowa bagyşlap ýazypdyr. Mylly aganyň kämil sazlaryndan soňsuz ylham hem many alan kompozitoryň öz ruhy halypasyna bagyşlan ajaýyp eserini diňleýärkäň, sungat läheňleriniň ikisem göz öňüňde janlanana dönýär. «Dutary saýrak bilbil mysaly saýradýan ussadyň başarnygynyň öňünde baş egýän kompozitor pianinony-da dutaryň dilinde «gürletmäge» boýun egdiräýipdir-ow!» diýeniňi duýman galýarsyň. Türkmen dutarynyň ikije taryndan gaýdýan müň bir öwüşginli jadyly owazy pianinonyň ak-gara klawişlerinden syzdyryp çykarmaga synanyşyk eden saz döredijiniň şirin mukamy diňleýjiniň kalbynda gaý-tupan turzup, ony aldym-berdime salýar.