Şadyýan gurjaklar şatlyk paýlaýar

22 Noýabr 2023
568

Nurana geljegimiziň eýeleri, köňüllerimiziň guwanjy bolan çagalaryň bagtyýarlygy, olaryň milli ruhumyza laýyk edep-terbiýeli, belent ahlakly nesiller bolup ýetişmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň biridir. Şeýle asylly maksada ýetmekde medeniýetimiziň, sungatymyzyň orny örän uludyr. Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussatlarynyň şu günler welaýatymyzyň merkezi Balkanabat şäherinde döredijilik saparynda bolup, orta mekdeplerde hem-de çagalar baglarynda «Towşanjygyň öýi» hem-de «Şadyýan sahnalar» atly çykyşlary bilen bagtyýar nesilleri begendirmekleri munuň özboluşly subutnamasyna öwrülýär. Mekdep okuwçylary hem-de bagtyýar körpeler tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanýan çykyşlar wakalarynyň gyzyklylygy, täsirliligi bilen tapawutlanyp, sahna oýunlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar çagalarynda dostluk, birek-birege hormat goýmak, goldaw-hemaýat etmek, tebigatyň her bir ajaýyplyklaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini söýmek ýaly belent ahlak gymmatlyklaryny has-da kämilleşdirmegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, sporta we bedenterbiýä bolan höweslerini artdyrmak ýaly tagallalar hem şeýle asylly maksatlaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussatlarynyň bilim-terbiýe ojaklarynda guraýan çykyşlarynyň bagtyýar çagalar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylanmagy şeýle asylly maksatlaryň myradyna gowuşjakdygyna şaýatlyk edýär. Teatryň sahna ussatlary bolsa şunuň ýaly netijeli döredijilik saparlarynda bolmaga giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.

Nury MÄMMEDOW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar