«Ýüzük-ýüzük» oýny

21 Noýabr 2023
653

Türkmenler şahandaz halk bolansoň, toý-baýramlaryny örän şowhunly, şagalaňly geçirmegi başarýar. Toýlarymyzyň şowhunyny artdyrýan zatlaryň biri-de türkmen milli oýunlarydyr. Özem biziň milli oýunlarymyz «Sanasaň sogaby köp» diýleni. Olardan at çapmak, altyn gabak atmak, ýaglyga towusmak, göreş tutmak ýaly oýunlara, esasan, ýaşlar gatnaşýan bolsalar, ýaşulular aglaba ýüzük oýnuny oýnaýarlar. Bu oýna «Keçe-keçe» hem diýilýär.

Türkmen milli oýunlarynyň özboluşly aýratynlyklary bolup, olaryň biri adamy beden taýdan taplaýan bolsa, beýlekisi ruhy-aň sagdynlygyňy berkidip, millilik duýgyňy joşdurýar. Ýöne, esasan, ýaşulularyň oýnaýanlygy sebäpli, ýüzük oýnunyň häsiýetli aýratynlygy beýleki oýunlardan düýpgöter tapawutlanýar. Bu oýun adamyň ýüreginiň giňligini, sabyrlylygyny, ünsli we üşükli bolmagyny, ugurtapyjylygyny hem-de töwekgelligini synagdan geçirýär. Şonuň üçin bu oýny, köplenç, akyl-paýhasy goýalyşan, durmuş tejribesi ýetik ýaşulular oýnaýarlar.

Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar