Şäherlere nusgalykdyr Aşgabat

21 Noýabr 2023
674

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli ýörelgä ygrarlylygy bilen külli türkmene, tutuş adamzada görelde bolup, dünýä ýüzünde ata Watanymyzyň, milletimiziň abraý-mertebesini has belende göterýärler. Sözümi asyryň ýa döwrüň dowamynda gazanylan üstünlikler bilen däl-de, eýsem, bir ýylyň içinde, has takygy, soňky döwürde durmuşda şöhlelendirilen şatlykly wakalar bilen delillendiresim gelýär.

Döwrüň talaplaryna dogry düşünýän, döwletiň ösdüriji güýji hasaplanýan ýaşlara bagyşlanan ýylda, «Şäherleriň bütindünýä gününde» ata Watanymyzyň paýtagty, merjen şäher Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky hoş habar dünýä türkmenleriniň hem göwün guşuna ganat baglatdy. Elbetde, biz bu ýokary derejäni zähmetsöýer hem agzybir halkymyzyň, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Arkadagymyzyň, peder ýoluna berk eýerýän belent mertebeli Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryna berlen ýokary baha diýip düşünýäris. Bu babatda ösüşiň milli hem-de aýdyň ýoluny saýlan hemişelik Bitarap döwlet tarapyndan 2021-nji ýylda milli topar döredilip, ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri, komitetleri, halkara hünärmenleri bilen bilelikde işe başlapdy.

Maksat REJEPOW,
DTYB-yň daşary ýurt bölümi bolan Woroneždäki «Merkezi Aziýa jemagaty» sebitara jemgyýetçilik guramasynyň «Gara toprakly ýerlerde ýaşaýan türkmenler» bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar