Medeniýetler sözleşende

23 Noýabr 2023
672

Medeniýet, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, halkyň kalbydyr. Medeniýet — ynsan köňlüniň nury. Medeniýet — milli baýlyklaryň altyn täji. Medeniýet — behişdiň zemin gözelligi. Medeniýet — jemgyýetiň jebisligi. Hut şonuň üçin-de häzirki bagtyýar döwrümizde medeniýet halklary bir supranyň başyna jem eýleýär, agzybirligi berkidýär. Medeniýetiň ynsan göwnüni al-asmana göterýän güýji ýürekleri gülledip, ömürleri nurlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda-da giň gerimli gatnaşyklar alnyp barylýar. Kökleri, dili, umumy däp-dessurlary bir bolan iki halkyň arasynda medeniýet ulgamynda-da işjeň hyzmatdaşlyk saklanylýar. Muňa ýakynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly geçirilende-de, yzysüre 18-20-nji noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzda geçirilen Medeniýet günlerinde-de aýdyň göz ýetirdik.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar