Dost-doganlyk dabaralanýar

22 Noýabr 2023
496

Ýurdumyz bu gün halkara derejesindäki çäreleriň geçýän ýerine öwrüldi. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisiniň, Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumyň üstünlik geçirilmegi buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr.

Medeniýetiň halklary özara birleşdirýän, jebisleşdirýän güýji bar. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerinde bu hakykat has äşgär duýuldy. Giň göwrümli maksatnamanyň çäginde geçirilen Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýindäki amaly-haşam sungatynyň sergisi, milli türk tagamlarynyň tanyşdyrylyşy, Türkiýäniň milli we häzirki zaman lybaslarynyň tanyşdyrylyşy, türk režissýorlarynyň filmleriniň görkezilişi hem-de beýleki köp sanly çäreler uly gyzyklanma döretdi. Bu zatlar türk medeniýetiniň we sungatynyň ýeten sepgitlerine we ösüş meýillerine göz ýetirmäge özboluşly mümkinçilik açdy.

Marlymyrat SAPAROW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar mugallymy.
Beýleki habarlar