"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Medeniýet hepdeligi üstünlikli tamamlandy

Medeniýet — bagtyýar halklaryň toýy, Medeniýet — nurana kalplaryň toýy

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilip geçildi

Aýdym-sazlar ýaňlandy Diýarymyň toýunda Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzyň çar künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem bu baýramçylyk uly joşgun bilen bellenilip, ýurdumyzyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarynda aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Ähli ýerde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem bu şanly sene mynasybetli dürli öwüşginli dabaralar guraldy.

Medeniýetimiziň, sungatymyzyň dabaralanmagy

22-27-nji iýun aralygynda ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeligi medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä içre dabaralanmagy boldy diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, ulgamyň işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp wakalara baý bolan hepdeligiň jemleýji güni Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çärä gatnaşmak bilen üýtgeşik, ýatdan çykmajak ýakymly, buýsançly duýgulary başdan geçirendigimi aýratyn nygtamak isleýärin. Belent ýadygärligiň binýadynyň öňüni dolduryp duran gül çemenleri halkymyzyň beýik şahyra bolan söýgüsiniň, çuňňur hormatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

«Medeniýet hepdeligi — 2024»: ýapylyş dabarasy

27-nji iýunda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Bu çärä gabatlanyp, her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen giň gerimli döredijilik forumy milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp wakalara baý boldy. Medeni forumyň jemleýji güni Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy. Ýadygärligiň binýadynyň öňüni dolduryp duran gül çemenleri halkymyzyň ynsanperwer şahyra bolan söýgüsiniň, çuňňur hormatynyň nyşanyna öwrüldi.

Halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň şan-şöhratynyň bähbidine milli medeniýetimiz ösdürilýär

«Medeniýet hepdeligi — 2024»: ýapylyş dabarasy Arkadag şäheri, 27-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Bu çärä gabatlanyp, her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen giň gerimli döredijilik forumy milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp wakalara baý boldy.

Pyragydan ylham alan ýaşlar

Öňňin Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaşlary ähli döwürleriň we ömürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndan söz açýan kämil eserleri döretmäge ruhlandyran bu bäsleşik şahyrlary, suratkeşleri, žurnalistleri, aýdym-saz bilen meşgullanýanlary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän zehinleri bir ýere jemledi. Yglan edilen gününden başlap, gazet-žurnallaryň sahypalarynda bäsleşigiň degişli nyşany astynda akyldaryň eserleri bilen baglanyşykly goşgulardyr makalalar çap edilip başlandy. Teleradio gepleşiklerde bolsa söz ussadynyň durmuşy bilen bagly rowaýatlar, onuň şygyrlary, bitewi bir döwlet gurmak baradaky öwüt-ündewleri dogrusynda pikir-garaýyşlary halka ýetirildi.

Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek Arkadag şäherinde uly ruhubelentlige beslenip geçirildi. * * *

Halyçylaryň toý sowgady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndan ruhlanyp, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary G.Çakanowa, O.Begliýewa, A.Akmämmedowa, O.Geldimyradowa, B.Gylyjowa, A.Hommyýewa dagy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň haly portretini dokadylar. Suratkeş Amanmyrat Gulberdiýewiň ýörite taýýarlan çyzgysy esasynda dokalan halynyň boýy 1.65 metr, ini 1.30 metr bolup, umumy meýdany 2.15 inedördül metre deňdir. 180-den gowrak dürli reňkli ýüplükler ulanylan, erşi tirjinden, argajy bükdürilen ýüpek, çitimlik ýüpi saryja goýnuň ýüňünden egrilen halynyň 1 inedördül metrinde 400 müň çitim çitilip, jemi hala 860 müň çitim siňdirilendir. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeligine, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe özboluşly sowgat bolan halynyň merkezinde türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi we bahar paslynda gül-gülzarlyga beslenen dag tebigatynyň gözelligi utgaşdyrylyp görkezilýär. Ýeke argaçly ýara çitimli usulda dokalan täze halynyň gyrasyny gadymy «üzülmez», «alaja», «ýaşyl goçak», «gölçe» ýaly nagyşlar gurşaýar.

«Watana söýgüde belent bagtyňyz»

Jemal SAPAROWA,Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi:

Türk­men me­de­ni­ýe­ti «Gü­nüň dog­ýan ýur­dun­da» şug­la saç­dy

Me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň we ösü­şiň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Şun­da ge­zek­le­şik­li esas­da gu­ral­ýan Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň hem uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Ýa­kyn­da bol­sa Ýa­po­ni­ýa­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. 12-nji iýun­da To­kio şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­po­ni­ýa­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň we «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip yg­lan edi­len ýy­la ba­gyş­la­nan me­de­ni çä­re­le­riň, türk­men ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti we türk­men mil­li ly­bas­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi ge­çi­ril­di. Oňa Ýa­po­ni­ýa­nyň Par­la­men­ti­niň de­pu­tat­la­ry, mi­nistr­lik­le­ri­niň, ugur­daş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, To­kio­da he­re­ket ed­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, bu ýurt­da bi­lim al­ýan türk­men ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar.

Medeniýet hepdeligi — ruhy joşgunyň we ylhamyň baýramy

Berkarar Watanymyzyň durmuşyndaky şöhratly wakalar medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli zähmete, belent maksatlara, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesinden gelip çykýan aýdyň maksatlary kämil sungat hem-de döredijilik eserleri, aýdym-sazlar arkaly çeper wasp etmek, halkymyzy giň gerimli işlere ruhlandyrmak medeniýet-sungat işgärleriniň mukaddes borjudyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarymyzda her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli yzygiderli geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi-de türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýram ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirildi. 2013-nji ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li gu­ral­ýan me­de­ni fo­rum umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na uly go­şant go­şan hal­ky­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rip, ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýär. Ol dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hü­när taý­dan kä­mil­leş­me­gi­ne, tä­ze ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­ma­ga, ila­tyň me­de­ni

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

Hormatly dabara gatnaşyjуlar! Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Heýkelleriň hikmeti

Dana şahyr Magtymguly Pyragy ady we döredijiligi bilen üç asyrdan bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. 17-nji maýda paýtagtymyzyň günorta künjeginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda beýik akyldaryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy bolsa ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi. Seýilgähde «Magtymguly, sözüm bilene sözdür» diýip öz döwründe sözüň, şygyrlaryň, edebiýatyň we medeniýetiň derejesini bir gez beýige galdyran şahyryň äpet heýkeli bilen bilelikde,  dünýä belli ençeme şahyrlaryňdyr ýazyjylaryň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa halkymyzyň we döwletimiziň sungata goýýan hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, ýazyjylaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemlän seýilgäh toplumy dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar.

Kalplary nura besleýän baýram

Welaýatymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreler biri-birine utgaşdy. Dabaralar baýramçylyk güni ir säher bilen Balkanabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül desselerini goýmakdan başlandy. Soňra bu ýerde belentden ýaňlanan aýdymlar, ýerine ýetirilen joşgunly tanslar ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Ruhubelentlige beslendi

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen aýdym-sazly çäre ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat işgärleriniň sarpasynyň belent tutulýandygy, milli mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekde uly işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy

Şu gün, 27-nji iýunda  Medeniýet  we sungat  işgärleriniň  hem-de  Magtymguly  Pyragynyň  şygryýet  güni  mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine  gatnaşyjylar säher bilen  Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goymak dabarasyna gatnaşdylar. Tebigatyň sergin howaly ajaýyp künjeginde geçirilen bu dabara medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Ýaýlymda «Sport met­bu­gat­da» gepleşigi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Dün­ýä­de sport ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýan Türk­me­nis­tan Di­ýa­ry­myz­da bu ug­lam­da yzy­gi­der­li ösüş-öz­ge­riş­ler ga­za­nyl­ýar. Türk­men tür­gen­le­ri di­ňe bir ýur­du­my­zyň için­dä­ki sport ýa­ryş­la­ryn­da däl-de, eý­sem, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra hem iş­jeň gat­na­şyp, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär­ler. Ýur­du­my­zyň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­lar gu­ra­ma­çy­ly­gy, amat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri ba­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­de­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ugur­da­ky üs­tün­lik­le­ri hal­ky­my­za we dün­ýä ýaý­mak­da te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio bi­len bir­lik­de met­bu­gat žur­na­lis­ti­ka­sy­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Bu we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de «Türk­men spor­ty» ga­ze­ti­ne, «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­na we onuň «7/24» elekt­ron go­şun­dy­sy­na uly orun de­giş­li­dir.

Şahyryň ömri kinofilmlerde janlanýar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Şygryýet örän inçe hem näzik sungat diýip bellenilýär. Ony döredýän adamlaryň ykbaly hakynda bolsa «ýönekeý däl» diýen sözleri köp eşitmek bolýar. Dünýä belli dramaturg Wilýam Şekspiriň ömrüne bagyşlanyp, 1989-njy ýylda Jon Meddon tarapyndan «Aşyk Şekspir» atly çeper film surata düşürilipdir. 

Milli medeniýetiň baýramy

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramçylyk çäreleri bilen utgaşýar. Munuň özi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna özboluşly ruhubelentlik we many-mazmun çaýýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly toý-dabaralara beslenýär. Baýramçylygyň şanyna geçirilýän köpöwüşginli çäreler watandaşlarymyzyň kalbynda egsilmez şatlyk we buýsanç duýgularyny döredýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem bagtyýar halkymyz agzybirlikde, abadançylykda, bir supranyň başynda jem bolup, giňden belleýär.

Şa serpaýly ýaşlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda güneşli Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly baýramynyň giňden dabaralandyrylýan şanly ýylymyzyň şatlykly wakalarynyň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jeminiň jemlenip, ýeňijileriniň Şa serpaýy bilen sylaglanmagydyr. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňişleýin öwrenmekde, wagyz etmekde, şahyryň görnükli şahsyýetiniň, çuň mana, pähim-paýhasa we ýokary ahlak ýörelgelerine beslenen gymmatly goşgularynyň ägirt uly ähmiýeti barada ýaş nesilleriň düşünjelerini giňeltmekde, şeýle-de şanly ýyly dabaralandyrmakda bu döredijilik bäsleşiginiň ähmiýeti uludyr. Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda bolan dabarada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyrynyň we pul baýragynyň gowşurylmagy türkmen ýaşlarynda aýratyn ruhubelentlik döretdi. Bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlaryň, bagtyýar talyplaryň bolmagy diýseň begendirýär.