Pyragydan ylham alan ýaşlar

28 Iýun 2024
745

Öňňin Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýaşlary ähli döwürleriň we ömürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndan söz açýan kämil eserleri döretmäge ruhlandyran bu bäsleşik şahyrlary, suratkeşleri, žurnalistleri, aýdym-saz bilen meşgullanýanlary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän zehinleri bir ýere jemledi. Yglan edilen gününden başlap, gazet-žurnallaryň sahypalarynda bäsleşigiň degişli nyşany astynda akyldaryň eserleri bilen baglanyşykly goşgulardyr makalalar çap edilip başlandy. Teleradio gepleşiklerde bolsa söz ussadynyň durmuşy bilen bagly rowaýatlar, onuň şygyrlary, bitewi bir döwlet gurmak baradaky öwüt-ündewleri dogrusynda pikir-garaýyşlary halka ýetirildi.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Annanur REJEBOW.