Medeni diplomatiýa Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga ýardam berip, hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Şunda gezekleşikli esasda guralýan Medeniýet günleriniň hem uly ähmiýeti bardyr. Ýakynda bolsa Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.
12-nji iýunda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanan medeni çäreleriň, türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti we türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi geçirildi. Oňa Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriniň, ugurdaş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, Tokioda hereket edýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.