Berkarar Watanymyzyň durmuşyndaky şöhratly wakalar medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli zähmete, belent maksatlara, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesinden gelip çykýan aýdyň maksatlary kämil sungat hem-de döredijilik eserleri, aýdym-sazlar arkaly çeper wasp etmek, halkymyzy giň gerimli işlere ruhlandyrmak medeniýet-sungat işgärleriniň mukaddes borjudyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarymyzda her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli yzygiderli geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi-de türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýram ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirildi.
2013-nji ýyldan bäri yzygiderli guralýan medeni forum umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Ol döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini artdyrmaga itergi berýär. Bu döredijilik baýramy şanly waka hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň sebitleriniň her biri Medeniýet hepdeligini nobatma-nobat kabul etmek bilen, Watanymyzyň ösüşine goşýan goşandyny, gazanýan üstünliklerini, döredijilik kuwwatyny görkezmäge çalyşýar. Hepdeligiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýändigini bellemek gerek.