Aýdym-sazlar ýaňlandy Diýarymyň toýunda
Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzyň çar künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem bu baýramçylyk uly joşgun bilen bellenilip, ýurdumyzyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarynda aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Ähli ýerde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem bu şanly sene mynasybetli dürli öwüşginli dabaralar guraldy.