«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Dünýäde sport ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan Diýarymyzda bu uglamda yzygiderli ösüş-özgerişler gazanylýar. Türkmen türgenleri diňe bir ýurdumyzyň içindäki sport ýaryşlarynda däl-de, eýsem, halkara ýaryşlara hem işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler. Ýurdumyzyň çäginde geçirilýän halkara ýaryşlar guramaçylygy, amatly mümkinçilikleri babatda ýokary derejedeligi bilen tapawutlanýar. Bu ugurdaky üstünlikleri halkymyza we dünýä ýaýmakda telewideniýe, radio bilen birlikde metbugat žurnalistikasyna aýratyn orun degişlidir. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde «Türkmen sporty» gazetine, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyna we onuň «7/24» elektron goşundysyna uly orun degişlidir.