"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Merjen dänelerimiz aýdym aýdanda...

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» diýlende, ata Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini, ýetilen belent sepgitleri, bagtyýar çagalygy wasp edýän ýaşajyk aýdymçy oglan-gyzlarymyz göz öňüňde janlanýar. Ýurdumyzyň ertiri, geljegi ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmak, olary döredijilige höweslendirmek, sungat äleminde has-da kämilleşdirmek maksady bilen her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşige diňe bir jigilerimiz däl, eýsem, hemmeler uly gyzyklanma bilen garaşýar. Ine, 6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu bäsleşige Arkadag we Aşgabat şäherlerinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolmagy başaran mekdep okuwçylarynyň 21-si gatnaşdy. Türkmen milli lybaslarynda bezemen geýnüwli sahna çykan ýaşajyk aýdymçylarymyzyň biri şirin owazy bilen eziz Watanymyz Türkmenistanyň ösüşlerini, özgerişlerini taryplasa, ýene biri tebigatymyzyň ajaýyplygyny, gözelligini wasp etdi. Ýene biri bolsa bagtyýar çagalaryň bilimli-ylymly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döredilýän mümkinçiliklere buýsanjyny aýdymyň üsti bilen diňleýjilere ýetirdi. Ýaňlanýan aýdymlara sazlaşykly ýerine ýetirilýän tanslarda hem bagtyýar çaga dünýäsi giňden açylyp görkezildi. Saýrak bilbilleriň her biriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyza, Ar

Opera sungaty — owazly dünýä

Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýanyň meşhur opera aýdymçysy Matteo Lippi türkmen kärdeşleri Gözel Annahanowa hem-de Bahar Durdyýewa bilen bilelikde, paýtagtymyzyň aýdym-saz muşdaklary üçin konsert berdi. Zehinli dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri çykyşlara sazandarlyk etdi. Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de belli italýan kompozitory Jakomo Puççininiň 100 ýyllygy mynasybetli berlen konsert Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzdaky halkara çäreleriň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guralan baýramçylyk konserti ýurdumyzda medeni diplomatiýa yzygiderli üns berilýändiginiň nobatdaky ýüze çykmasy boldy. Ony şu ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem-de 29-njy maýda daşary işler ministrleri derejesinde Rimde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» mejlisiniň netijeleri hem görkezdi. Iki dostlukly halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklara, türkmenistanlylaryň sungata goýýan hormat-sarpasyna italiýaly tenor Matteo Lippi hem ýokary baha berýär. Ol bu barada:

Çagalaryň döredijilik ojagy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde myhmançylykda Çagalaryň döredijiligi — bu olaryň kämilleşmäge we öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga edýän ilkinji synanyşyklary hasaplanýar. Heniz geljekki ykbalyna hemra boljak hünärini saýlamadyk hem bolsa çaga hemişe islendik käre bilesigelijilikli we döredijilikli çemeleşmäge ukyply. Şol tarapdan hem ýurdumyzda olaryň okap bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň öz söýgi bildirýän ugurlary boýunça bilim almaklary, ilhalar ynsan bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň çäginde bilim ojaklary, sungat mekdepleri, okuw we döredijilik merkezleri hereket edýär. Ynha, şeýle mekdepleriň biri-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky çagalar çeperçilik mekdebidir. Nakgaşçylyk we halyçylyk ugurlary boýunça sungata aralaşmaga isleg bildirýän çagalary taýýarlaýan, olara ilkinji çeperçilik nazaryýetini öwredýän bu mekdep indi ençeme ýyl bäri hereket edip, ömrüni sungat bilen baglanyşdyran nesilleri kemala getirdi. Häzirki wagtda bu çagalar çeperçilik mekdebi ýurdumyzda guralýan sergilere, geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşýar. Reňklerden we sapaklardan eser döretmegi başarýan zehinli çagalar bu ýerde tejribeli mugallymlardan sa

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Dürli görnüşli reňkleriň bardygyna garamazdan, olary sazlaşykly, ýerli-ýerinde ulanyp, ajaýyp bir şekili kemala getiräýmek aňsat däl. Şeýle dürli reňkleriň kömegi bilen täsin suratlary döredip bilýän ýaş zehinli jigilerimiziň bardygyna biz diýseň guwanýarys. Ine, Balkanabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Hatyja Gurbanowanyň bize çekip ýollan suratlaryny synlanymyzda olarda reňkleriň täsin sazlaşygyna göz ýetirýäris. Biz sungat äleminde gözellikleri döredip bilýän ýaş suratkeş jigimize uly üstünlikleri arzuw edip, onuň çeken suratlaryny size ýetirmegi makul bildik. * * *

Agaçdan nepis şekiller

Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri geçirildi. Onuň çäklerinde gurnalan sergileriň birinde agaçdan ýasalan dürli şekiller biziň ünsümizi özüne çekdi. Bu ajaýyp işleriň mekdep okuwçysyna degişlidigini bilenimizde, haýran galdyk. Ýaşlygyna garamazdan, zehinli oglanjygyň eýýäm bir hünäri ele alandygyna diýseň begendik. Geliň, şol ýaş zehinli oglan bilen ýakyndan tanşalyň! Ýaş zehinimiz Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Guwanç Hywalyýew. Ol okuwyndan daşary agaçdan dürli şekilleri ýasamak bilen meşgullanýar. Guwanç agaçlary ýonup, olary dürli şekiljiklere getirmegi başarýar. Sabyrlylygy we irginsiz zähmeti talap edýän bu hünäre bolan höwesiniň haçan dörändigini ondan soranymyzda, biz şeýle jogap aldyk: «Haçan-da men 5-nji synpda okaýarkam telewizorda palçykdandyr toýundan dürli şekilleriň ýasalýan pursadyna gabat geldim. Bu mende uly gyzyklanma döretdi. Bu barada ata-eneme aýdanymda, olar meni Magtymguly etrabyndaky çagalar sungat mekdebine ýazdyrdylar. Şeýdip, men çagalar sungat mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölüminde okadym. Birbada palçykdan şekil ýasamak maňa gyzykly bolan hem bolsa, soň mende agaçdan dürli şekilleri ýasamaga bolan höwes artdy. Ine, onsoň agaçdan bir zatlar ýasamak üçin dümtünip, wagtymyň nähili geçendigini-de duýmazdym. «Yhlas bilen aglasaň, sokur göz

Ýanka Kupala (1882-1942)

Meşhur belarus şahyry, terjimeçisi, dramaturgy Ýanka Kupala 1882-nji ýylyň 7-nji iýulynda Minsk oblastynyň Molodençnyý etrabynyň Wýazynka obasynda dünýä inýär. Ýanka Kupala onuň edebi tahallusy bolup, şahyryň ady Iwan Dominikowiç Lusewiçdir. Onuň ilkinji goşgular ýygyndysy «Tüýdük» diýlen at bilen 1908-nji ýylda çap edilýär. Ýanka Kupala belarus edebiýatynyň nusgawy şahyry hasaplanylýar. Belarus Respublikasynyň halk şahyry, Belarus Ylymlar akademiýasynyň akademigi Ýanka Kupala «Gusliçi», «Harlanan höwürtge», «Aresaý derýasynyň boýunda», «Tarasyň täleýi» ýaly eserleriň awtorydyr. Ol Puşkiniň, Şewçenkonyň, Nekrasowyň, Krylowyň eserlerini belarus diline terjime eden şahyrdyr. 1920—1930-njy ýyllarda şahyryň birnäçe ýygyndylary neşir edilýär. Belarus edebiýatynyň we belarus edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biri bolan Ýanka Kupala 1925-nji ýylda «Halk şahyry» diýlen hormatly at dakylýar. Belarus Respublikasynda şahyryň adyny göterýän okuw mekdepleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we köçeleriň birnäçesi bar. Şahyryň şygyrlary iňlis, arap, italýan, hytaý, nemes, rus, fransuz, hindi, ýapon dillerine terjime edilendir.

«Gorkak batyr»

Tomus paslynyň tamamlanmagy bilen ol hakyndaky ýatlamalar hem gutaraýanok. Şeýle dälmi?! Tomsuň hezilligi, onda ýaşalan günleriň gyzyklylygy seni biygtyýar özüne çekýär. Ine, çölde goýun bakýan atasynyň ýanynda tomus günleriniň iň täsirli, ýatdan çykmajak pursatlaryny başdan geçiren oglanjyk baradaky çeper filme hemmäňiz tomaşa eden bolsaňyz gerek. Bu filmde tomsuň jöwzaly günlerinde gyzgyn çölüň içinde atasynyň ýanynda galan oglanjygyň başdan geçirýän täsin wakalary, gyzykly pursatlary beýan edilýär. Bu oglanjygyň ady — Çaman. Aslynda, onuň öz sözleri bilen aýtsak, oňa «Çaman serdar» hem diýýärler. Bilýäňizmi näme, Çamanyň ýerine ýetirýän filminiň ady — «Gorkak batyr». Bu filme tomaşa eden bolsaňyz, ondaky oglanjyk beýle bir gorkagam däl. Ol ilkibada suwly guýa girende, garaňkylykdan gorkup aglasa-da, çölde mallara möjek daranda, ýorgandan çykman otursa-da, soňabaka ol has-da dogumlanyp, atasynyň iň ýakyn kömekçisine öwrülýär. Gyzgyn çölüň içinde çopan goşunda ýeke özüň galmak, düýäň üstüne münüp, uzak menzilden suw alyp gelmek, otda gaýnap duran kündügi dökmän, ataňa çaý demläp bermek... bularyň ählisi birbada aňsadam däl. Ýöne biziň baş gahrymanymyz ol işleriň hötdesinden gelmegi başarýar. Heniz kiçijek bolsa-da, atasyna kömekleşip, çölüň täsin tebigaty, janly-jandarlary bilen dostlaşýar, çölde azaşman, öz çopan goşunyny tapyp bilýär. Filmde Çamanyň kiçijek güjügiň gulak-gu

Medeni habarlar

«Ýaňlan, Diýarym! — 2024» 7-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşikde ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden döwlet tapgyryna saýlanan 14 aýdymçy halk we häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we diplom gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.

Dessançy bagşy

Suratda: (sagda) dessançy bagşy Kerwen Ýowbasarow. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň dessançylyk sungatyna bolan söýgüsi çagalykdan başlanýar. Ol orta mekdepde okaýan mahaly «Görogly» şadessanynyň «Harmandäli», «Bezirgen», «Göroglynyň öýlenişi», «Arapreýhan», «Kempir» şahalaryny ýatdan bilipdir. Halypa Ilaman Annaýew «Harmandäli» şahasyny iki bölege bölüp aýdypdyr. Onsoň mekdep okuwçysynyň şadessanyň şonça şahasyny ýatdan bilmegi her bir adamy geň galdyryp biler.

El hünäri il gezer

Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäher Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek hem-de ösdürmek boýunça merkeziniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» atly utgaşykly görnüşdäki maslahat, şeýle-de ussatlyk sapaklary geçirildi. Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň we amaly-haşam sungatynyň dünýä tejribesini öwrenmegiň meselelerine bagyşlanan çärede sungaty öwrenijilerdir senetçileriň türkmen amaly-haşam sungaty baradaky täsirli çykyşlary boldy. Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary wideoaragatnaşyk arkaly daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylara milli halylaryň dokalyşyny, keramika we zergärçilik önümleriniň ýasalyşyny görkezdiler. Ýokary ussatlyk hem çeperçilik bilen ýerine ýetirilen el işleri daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Arkadagly ýaş zehinler ýeňişlerden serpaýly

Perhat BABAÝEW,Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy: — Kiçiligimden bäri aýdym-saza höwes edýärin. Aýdym aýdyp, saz çalyp ençeme gezek teleýaýlymlarda, çärelerde çykyş etdim. Okuwymdan daşgary Aşgabat şäherindäki 6-njy çagalar sungat mekdebine hem gatnaýaryn. Ol ýerde milli saz guralymyz dutar çalmagy öwrenýärin. Maşgalamyzda kakam, doganlarym, gelnejem ählisi aýdym-sazdan baş çykarýarlar. Menem onuň inçe tärlerini ilkibaşda kakamdan öwrendim. Soňra halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek boýunça Allaýar Melejäýew, estrada aýdymlary boýunça Şatlyk Amanlykow halypalyk etdiler. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine-de Şatlyk halypamyň öwreden «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» diýen aýdym bilen gatnaşdym. Şu ýylyň başynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna-da mynasyp boldum. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýaryn.

Owazly dünýäniň şeýdalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygy, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy, olaryň döredijiliginiň yzygiderli goldanylmagy babatda ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşikleriniň mysalynda aýdyň görünýär. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi merdana halkymyzyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandyny şöhratlandyrmakdan, ussat halypa bagşylarymyzyň gymmatly mirasyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekden, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr. Bu bäsleşiklerde ýaş ýerine ýetirijileriň gazanýan üstünliklerine şaýat bolup, milli aýdym-saz sungatymyzyň täze taryhy döwürde barha galkynýandygyna göz ýetirýärsiň. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda jemlenilýän bu bäsleşikleriň netijesi keremli Daşoguz topragynyň hem ýaş zehinlere baýdygyny ýene bir ýola aýdyňlyk bilen görkezdi.

Diýar waspy dünýä içre ýaň salýar

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iki aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, 14 sany ýaş aýdymçy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Konsertiň jemleýji tapgyrynyň ähli gatnaşyjylarynyň ýerine ýetirmeginde bäsleşigiň özboluşly senasyna öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» atly aýdym bilen dabaraly başlanmagy döredijilik çäresine baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Açyk sahna meýdançasyndaky çykyşlar halkymyzyň aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegi hem-de ýaş zehinleriň döredijilik taýdan kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikleri döretmek ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ägirt uly aladasynyň subutnamasydyr.

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Durnalary gonduran senediň çapyksuwary — 1965-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde türkmen bagşylarynyň ýurt boýunça birinji seminary geçirildi. Şol çärä Paşşaguly Girmanow hem çagyrylan ekeni. Talyp döwrüm bolansoň boş wagt tapsam onuň ýanyna barýardym — diýip, bagşy Baýmuhammet hajy gürrüňini dowam etdi. — Bir gün atly bagşylaryň özara söhbet gurap oturan jaýyna baranymyzda Rejepnur bagşy oturanlar bilen tanyşdyrdy. Olar ýurdumyzyň ady belli bagşylary ekeni. Olaryň biri: “Girman bagşynyň ogly bolsaň halypanyň ýolundan bir aýdym aýt, göreli” diýip, Paşşagulydan haýyş etdi. Ýöne ol: «Ussatlaryň ýanynda aýdym aýdyp bilmen-ä» diýip ýaýdanjyrady. Rejepnur bagşy:

Kalby joşgunly ýaş zehin

Güneşli Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň öz saýlap alan ugurlarynda, şol sanda sungat äleminde zehinlerini artdyrmaklaryny, kämilleşmeklerini gazanmakda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle bäsleşikleriň biri zehinli çagalaryň arasynda guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşik bolup, onuň ýakynda geçirilen jemleýji tapgyry ýatda galyjy şatlyk-şowhunly pursatlara baý boldy. Bäsleşikde welaýatymyzdan Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýhan Serdarow üstünlik gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Ýaşajyk aýdymçy bäsleşigiň döwlet tapgyrynda «Gözel Sumbaryň nary» diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Kalby aýdym-saza söýgüden doly Aýhan bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: — Okuwdan boş wagtlarym Türkmenbaşy etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk bölümine gatnaýaryn. Ol ýerde maňa mugallymym Nurgylyç Annagylyjow halypalyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşige gatnaşyp, deň-duşlarymyň birnäçesi bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolandygyma begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýra

Aýdym — onuň hemrasy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi, dünýä ýaýylmagy, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşikleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Bu bäsleşikde welaýat medeniýet merkeziniň aýdymçysy Guwanç Toýçyýew hem ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — altyn zynjyryna mynasyp bolmagy başardy.

Zehinli çagalaryň sungat baýramçylygy

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyjylaryň jemleýji konserti geçirildi. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sungat baýramçylygyna ýurdumyzyň welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde geçirilen tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşdy. Berkarar Watanymyzyň umumybilim berýän we sazçylyk mekdeplerinde, döredijilik merkezlerinde hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň zehinlerine goldaw bermek, çeper höwesjeňligini, sungat ussatlygyny žanr taýdan köp dürli öwüşginleri bilen ösdürmek, milli aýdym-saz medeniýetiniň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmek, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli sungatymyza söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik turuwbaşdan ruhubelentlige beslendi. Bagtyýar çagalaryň Watana bolan çäksiz söýgüsi, ajaýyp döwrümize bolan buýsanjy, zehin-başarnygy, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy sungat çykyşlarynda aýdyň ýüze çykdy.

Şa serpaýly ýaş zehin

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde ýeňiji bolup, Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň arasynda Kaka etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulşat Begpolodowanyň bolmagy ählimizi begendirdi. Ogulşat bagtdan paýly, zehinli çagalaryň biri. Ol sapaklaryna oňat bahalar bilen ýetişip, mekdepde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýar hem deň-duşlaryna, boýdaşlaryna görelde bolýar. Onuň ýerine ýetirýän joşgunly aýdymlary toý-baýramlaryň bezegine öwrülip, hemmelere ruhy şatlyk paýlaýar. Ogulşat bilen gürrüňdeş bolanyňda, ol aýdym-saza höwesiniň çagalar bagyna gatnan döwürlerinde dörändigini, has kiçiliginden sungata ýykgyn edendigini, indi birnäçe ýyldan bäri mekdepde, şeýle-de etrap derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda çykyş edip gelýändigini guwanç bilen gürrüň berdi.

Ýaş aýdymçylaryň sungat baýramy

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Her ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalgadyr, halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dabaralanmasydyr. Telebäsleşigiň 7-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen jemleýji tapgyry munuň şeýlediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Oňa deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan iň ökde ýaş zehinleriň 14-si gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy bolsa aýdymly köňüllere ganat berdi. Ýeňiji bolan ýaş zehinleriň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Balasy, biz balasy, biz Watanyň balasy Gahryman Arkadagyň saýrak merjen dänesi

6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli çagalar gatnaşdylar. Ýaşajyk artistler mähriban Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň gaýtalanmajak tebigatyny ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Gazetimiziň bu sanynda bäsleşigiň ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Arslan IGLIÝEW,Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy: