Agaçdan nepis şekiller

12 Sentýabr 2024
479

Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri geçirildi. Onuň çäklerinde gurnalan sergileriň birinde agaçdan ýasalan dürli şekiller biziň ünsümizi özüne çekdi. Bu ajaýyp işleriň mekdep okuwçysyna degişlidigini bilenimizde, haýran galdyk. Ýaşlygyna garamazdan, zehinli oglanjygyň eýýäm bir hünäri ele alandygyna diýseň begendik. Geliň, şol ýaş zehinli oglan bilen ýakyndan tanşalyň!

Ýaş zehinimiz Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Guwanç Hywalyýew. Ol okuwyndan daşary agaçdan dürli şekilleri ýasamak bilen meşgullanýar. Guwanç agaçlary ýonup, olary dürli şekiljiklere getirmegi başarýar. Sabyrlylygy we irginsiz zähmeti talap edýän bu hünäre bolan höwesiniň haçan dörändigini ondan soranymyzda, biz şeýle jogap aldyk: «Haçan-da men 5-nji synpda okaýarkam telewizorda palçykdandyr toýundan dürli şekilleriň ýasalýan pursadyna gabat geldim. Bu mende uly gyzyklanma döretdi. Bu barada ata-eneme aýdanymda, olar meni Magtymguly etrabyndaky çagalar sungat mekdebine ýazdyrdylar. Şeýdip, men çagalar sungat mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölüminde okadym. Birbada palçykdan şekil ýasamak maňa gyzykly bolan hem bolsa, soň mende agaçdan dürli şekilleri ýasamaga bolan höwes artdy. Ine, onsoň agaçdan bir zatlar ýasamak üçin dümtünip, wagtymyň nähili geçendigini-de duýmazdym. «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýleni çyn eken. Yhlasym öz miwesini bermäge başlady. Meniň işlerime mekdebimizde we çagalar sungat mekdebinde uly baha berdiler. Dürli köpçülikleýin çärelerde meniň işlerim hem sergilenilmäge başlady».

«Güneş».