Perhat BABAÝEW,
Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy:
— Kiçiligimden bäri aýdym-saza höwes edýärin. Aýdym aýdyp, saz çalyp ençeme gezek teleýaýlymlarda, çärelerde çykyş etdim. Okuwymdan daşgary Aşgabat şäherindäki 6-njy çagalar sungat mekdebine hem gatnaýaryn. Ol ýerde milli saz guralymyz dutar çalmagy öwrenýärin. Maşgalamyzda kakam, doganlarym, gelnejem ählisi aýdym-sazdan baş çykarýarlar. Menem onuň inçe tärlerini ilkibaşda kakamdan öwrendim. Soňra halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek boýunça Allaýar Melejäýew, estrada aýdymlary boýunça Şatlyk Amanlykow halypalyk etdiler. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine-de Şatlyk halypamyň öwreden «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» diýen aýdym bilen gatnaşdym. Şu ýylyň başynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna-da mynasyp boldum. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýaryn.