Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýanyň meşhur opera aýdymçysy Matteo Lippi türkmen kärdeşleri Gözel Annahanowa hem-de Bahar Durdyýewa bilen bilelikde, paýtagtymyzyň aýdym-saz muşdaklary üçin konsert berdi. Zehinli dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri çykyşlara sazandarlyk etdi. Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de belli italýan kompozitory Jakomo Puççininiň 100 ýyllygy mynasybetli berlen konsert Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzdaky halkara çäreleriň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guralan baýramçylyk konserti ýurdumyzda medeni diplomatiýa yzygiderli üns berilýändiginiň nobatdaky ýüze çykmasy boldy. Ony şu ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem-de 29-njy maýda daşary işler ministrleri derejesinde Rimde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» mejlisiniň netijeleri hem görkezdi. Iki dostlukly halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklara, türkmenistanlylaryň sungata goýýan hormat-sarpasyna italiýaly tenor Matteo Lippi hem ýokary baha berýär. Ol bu barada: