Çagalaryň döredijilik ojagy

13 Sentýabr 2024
654

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde myhmançylykda

Çagalaryň döredijiligi — bu olaryň kämilleşmäge we öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga edýän ilkinji synanyşyklary hasaplanýar. Heniz geljekki ykbalyna hemra boljak hünärini saýlamadyk hem bolsa çaga hemişe islendik käre bilesigelijilikli we döredijilikli çemeleşmäge ukyply. Şol tarapdan hem ýurdumyzda olaryň okap bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň öz söýgi bildirýän ugurlary boýunça bilim almaklary, ilhalar ynsan bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň çäginde bilim ojaklary, sungat mekdepleri, okuw we döredijilik merkezleri hereket edýär. Ynha, şeýle mekdepleriň biri-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky çagalar çeperçilik mekdebidir. Nakgaşçylyk we halyçylyk ugurlary boýunça sungata aralaşmaga isleg bildirýän çagalary taýýarlaýan, olara ilkinji çeperçilik nazaryýetini öwredýän bu mekdep indi ençeme ýyl bäri hereket edip, ömrüni sungat bilen baglanyşdyran nesilleri kemala getirdi. Häzirki wagtda bu çagalar çeperçilik mekdebi ýurdumyzda guralýan sergilere, geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşýar. Reňklerden we sapaklardan eser döretmegi başarýan zehinli çagalar bu ýerde tejribeli mugallymlardan sapak alýarlar. Netijede, sungata söýgüsi kämil bolan ýaşlar ýetişýär.

Garahanjar BAÝHANOW,
«Güneş».