«Gorkak batyr»

12 Sentýabr 2024
416

Tomus paslynyň tamamlanmagy bilen ol hakyndaky ýatlamalar hem gutaraýanok. Şeýle dälmi?! Tomsuň hezilligi, onda ýaşalan günleriň gyzyklylygy seni biygtyýar özüne çekýär. Ine, çölde goýun bakýan atasynyň ýanynda tomus günleriniň iň täsirli, ýatdan çykmajak pursatlaryny başdan geçiren oglanjyk baradaky çeper filme hemmäňiz tomaşa eden bolsaňyz gerek. Bu filmde tomsuň jöwzaly günlerinde gyzgyn çölüň içinde atasynyň ýanynda galan oglanjygyň başdan geçirýän täsin wakalary, gyzykly pursatlary beýan edilýär. Bu oglanjygyň ady — Çaman. Aslynda, onuň öz sözleri bilen aýtsak, oňa «Çaman serdar» hem diýýärler.

Bilýäňizmi näme, Çamanyň ýerine ýetirýän filminiň ady — «Gorkak batyr». Bu filme tomaşa eden bolsaňyz, ondaky oglanjyk beýle bir gorkagam däl. Ol ilkibada suwly guýa girende, garaňkylykdan gorkup aglasa-da, çölde mallara möjek daranda, ýorgandan çykman otursa-da, soňabaka ol has-da dogumlanyp, atasynyň iň ýakyn kömekçisine öwrülýär. Gyzgyn çölüň içinde çopan goşunda ýeke özüň galmak, düýäň üstüne münüp, uzak menzilden suw alyp gelmek, otda gaýnap duran kündügi dökmän, ataňa çaý demläp bermek... bularyň ählisi birbada aňsadam däl. Ýöne biziň baş gahrymanymyz ol işleriň hötdesinden gelmegi başarýar. Heniz kiçijek bolsa-da, atasyna kömekleşip, çölüň täsin tebigaty, janly-jandarlary bilen dostlaşýar, çölde azaşman, öz çopan goşunyny tapyp bilýär. Filmde Çamanyň kiçijek güjügiň gulak-guýrugy kesilende, janygyp aglaýşy,«Ýoly düýe tapýar-a» diýip, geologlara ýol görkezişi, düýäň üstünde barýarka «Men — Çaman serdar» diýip, dag-daşlara ýaňlandyryşy... — ählisi biziň ýadymyzda. Çagalyk dünýäsine mahsus häsiýetler bilen filmiň has-da şowly bolmagyna getiren, tomaşaçylaryň hemişelik ýadynda galan şol kiçijek oglanjyk her birimiziň söýgüli gahrymanymyza öwrüldi.

Öwez BAÝRAMOW,
Aşgabat şäherindäki 64-nji orta mekdebiň okuwçysy.