Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen we dostlugyň, döredijiligiň, ruhubelentligiň baýramyna öwrülen Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy. Häzirki döwürde milli ruhy mirasy gorap saklamak, öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek bilen bir hatarda, milli medeniýeti, sungaty ösdürmegiň wajyp şertleriniň biri hökmünde dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek hem möhüm bolup durýar. Ynsanperwer ugurdaky giň halkara gatnaşyklar, dünýä bileleşigi bilen ýola goýlan medeni dialog bu wezipäniň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Şu gezekki medeni çäre-de munuň aýdyň mysalydyr. Medeniýet günleriniň maksatnamasy sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan, gazak kinematograflarynyň iň gowy filmleriniň görkezilişinden we beýleki çärelerden ybarat boldy. Şeýlelikde, Kurmangazy adyndaky Gazak halk saz gurallary milli orkestriniň, Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň artistleri ýokary ussatlygyny, milli aýdym-saz sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezdiler. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bu döredijilik toparlarynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgündäki, «Türkmenistan» kinokonsert merkezindäki çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.