Welaýat ýörite sungat mekdebinde «Watanyň geljegi ýaşlar» diýen at bilen bu bilim ojagynyň «Nakgaşçylyk» bölüminiň 3-nji ýyl talyplarynyň sergisi guraldy. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, tejribeli mugallym Röwşen Çopanowyň ýolbaşçylygynda guralan sergide talyplaryň çeken portret suratlary görkezildi.
Talyp ýaşlaryň sergisi ony synlanlarda uly täsirleri galdyrdy. Her bir talybyň özboluşly zehine eýedigine olaryň ýerine ýetiren işlerini synlanyňda göz ýetirmek boldy. Sergä gatnaşanlar medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegi, ýaşlaryň öz zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.