10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Ýurdumyzda geçirilýän Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasyndan ýörite wekiliýet gelipdir. Onuň düzümine Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary, meşhur opera aýdymçylarynyň, dirižýorlaryň we tansçylaryň döredijilik topary girdi. Myhmanlaryň hatarynda iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar.