30-njy sentýabr — 5-nji oktýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň çagalarynyň birinji Delfiý gözden geçiriş festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistandan hem zehinli çagalar fortepiano, skripka, halk saz gurallary, estrada we halk aýdymyny ýerine ýetirmek, şekillendiriş sungaty ugurlary boýunça gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şolaryň arasynda ildeşimiziň bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň 14 ýaşa çenli çagalarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen bu halkara bäsleşiginde welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Milara Tahyrjanowa skripkada saz çalmak boýunça üçünji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle-de bu bäsleşikde welaýatymyzdan wekilçilik eden ýene-de şol mekdebiň göreldeli okuwçysy Nazar Reýimow fortepiano hünäri boýunça çykyş edip, ýörite diplom bilen sylaglanyldy. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň zehinli okuwçylarynyň ikisiniň hem täsirli çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy.