Gazak sähralaryndan güneşli Türkmenistana

11 Oktýabr 2024
424

7-9-njy oktýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Bu medeni çäre gadymy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen we gazak halklaryny biri-birine has-da ýakynlaşdyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Aşgabat şäheriniň «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçirilen konsertler belent ruha beslendi. Daşary ýurtlarda-da giňden tanalýan Kurmangazy adyndaky «Saryarka» gazak halk saz gurallary orkestri gazak halk dessanlary we halk döredijiliginiň dürli görnüşleri esasynda taýýarlanan çykyşlaryny ýurdumyzyň sungat muşdaklaryna sowgat etdi. Orkestriň belli aýdymçylary «Saržaýlau», «Adaý», «Želdirme», «Bozaýgyr» ýaly nusgawy aýdymlary ussatlyk bilen aýtdylar. Orkestriň ezber sazandalary «Leýli-Mejnun» atly belli operamyzdan sazlary we türkmen kompozitory Röwşen Nepesowyň «Fantaziýa» atly sazyny ýerine ýetirdiler.

Taýýarlan ýörite habarçymyz.