"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Horge Martin arany açýar

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 15-nji ýa­ry­şy In­do­ne­zi­ýa­nyň Lom­bok ada­syn­da­ky hal­ka­ra Per­ta­mi­na Man­da­li­ka tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 27 aý­law­dan yba­rat ýa­ryş­da «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan pi­lo­ty Hor­ge Mar­tin ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 3-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 8-nji ýeň­şi­dir. Ýa­ryş­da ýe­ňi­ji­den 1,404 se­kunt yza ga­lan «Red Bull GAS­GAS Tech3» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Ped­ro Akos­ta 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Soň­ky çem­pi­on, «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan pi­lo­ty Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňi­ji­den 5,595 se­kunt giç pel­le­ha­na­dan geç­di we 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Çem­pi­on­ly­gyň da­laş­gär­le­rin­den Ita­li­ýa­ly Enea Bas­tia­ni­ni («Ducati Le­novo») bi­len is­pa­ni­ýa­ly Mark Mar­kes («Gre­si­ni») ýa­ry­şy ta­mam­lap bil­me­di­ler.

Swif­tiň ýet­gin­jek­lik ýyl­la­ryn­da ýa­zan ki­ta­by

Ame­ri­ka­ly aý­dym­çy we aý­dym­la­ryň aw­to­ry Teý­lor Swift 14 ýa­şyn­da ýa­zan ki­ta­by­ny çap et­dir­mekçi bol­ýar. Bu ba­ra­da «The Sun» neşiri ha­bar ber­ýär. «Gyz­ ady­ny alan gyz» at­ly eser­de og­lu­nyň bol­ma­gy­ny is­län ene hak­da gür­rüň be­ril­ýär. Bu ro­man Swif­tiň ýet­gin­jek­lik döw­rün­de ýa­zy­lan bol­sa-da, ol hä­zi­re çen­li çap edil­mändir. Bu eseriň Swif­tiň ene-ata­syn­da sak­lan­ýandygy çak­la­nylýar­dy. Ýö­ne aýdymçy 2015-nji ýyl­da ki­ta­byň ady üçin söw­da bel­li­gi­ni ha­sa­ba al­dy­ryp, ki­tap we ro­ma­nyň au­dio gör­nü­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ha­ryt­la­ra bo­lan hu­kuk­la­ry­ny gi­ňelt­di. Aý­dym­çy 2012-nji ýyl­da ýü­re­gi gy­san wag­ty ro­man ýa­zan­dy­gy­ny aýt­dy. – Me­niň dost­la­ry­myň äh­li­si Pen­sil­wa­ni­ýa gaýdyp barypdy, şo­nuň üçin me­niň ede­re işim ýok­dy. Şol döwürde men­de ýa­zy­jy bol­mak we ro­man ýaz­mak ba­ra­da pi­kir dö­re­di – di­ýip, Teý­lor Swift gür­rüň ber­di.

Tols­to­ýyň saý­ty baýlaşdyrylýar

Be­ýik rus ýa­zy­jy­sy Lew Tols­to­ýyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­nan «tols­toy.ru» saý­tyn­da 2022-nji ýyl­da «Tols­to­ýyň sö­zi» bö­lü­mi ýo­la go­ýul­dy. Bu bö­lüm­de Tols­to­ýyň äh­li eser­le­rinden söz­le­ri we aň­lat­ma­la­ry göz­läp ta­pyp bol­ýar. «Di­gi­tal Hu­ma­ni­ti­es» teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň kö­me­gi bi­len «Tols­to­ýyň sö­zi» bi­lim çeş­me­si hök­mün­de bar­ha ös­ýär – sa­hy­pa­da tä­ze ma­te­ri­al­lar, söz­lük­ler we mag­lu­mat ki­tap­la­ry peý­da bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da tas­la­ma­ny dö­re­di­ji­ler saýt­da tä­ze mag­lu­mat­la­ry goý­ýar­lar. Lew Ni­ko­la­ýe­wiç Tols­to­ýyň äh­li eser­le­ri­niň, şah­sy ýaz­gy­la­ry­nyň we bel­lik­le­ri­niň elekt­ron gör­nü­şe ge­çi­ri­le­ni­ne 10 ýyl­dan gow­rak wagt bol­dy. «tols­toy.ru» por­ta­ly­nyň tas­la­ma­sy AB­BYY kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýar­da­my bi­len L.N.Tols­toý adyn­da­ky döw­let mu­ze­ýi hem-de «Ýas­na­ýa Pol­ýa­na» mu­zeý mül­ki ta­ra­pyn­dan ýo­la goý­lup­dy. Şol dö­wür­de bu saýt­da «Tu­tuş Tols­toý bir ka­kuw­da» at­ly bö­lüm ýo­la go­ýul­dy. Lew Tolstoý 18 ýa­şyn­dan baş­lap gün­de­lik ýö­re­dip­dir. Onuň iň soň­ky ýaz­gy­sy ara­dan çyk­ma­zy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýa­zy­lyp­dyr. Hä­zir­ki wag­ta çen­li ýa­zy­jy­nyň 31 gün­de­li­gi sak­la­nyp ga­lyp, ol 5 müň sa­hy­pa­dan yba­rat­dyr. Gün­de­lik­leriň öl­çe­gi Tols­to­ýyň 6 ýy­lyň do­wa­myn­da ýa­zan «Uruş we pa­ra­hat­çy­ly­gy­na» ba­ra­bar. Tol

«Azi­ýa­nyň No­bel baý­ra­gy­nyň» eýe­si

Ýa­po­ni­ýa­ly ani­ma­tor Ha­ýao Mi­ýad­za­ki Azi­ýa ýurt­la­ryn­da No­bel baý­ra­gy­na ba­ra­bar ha­sap­lan­ýan Ra­mon Mag­saý­saý baý­ra­gy­nyň eýe­si bol­dy. Bu ba­ra­da baý­ra­gy esas­lan­dy­ry­jy gaz­na ha­bar ber­di. «Mi­ýad­za­ki ýaş­la­ra bo­lan hor­ma­ty­ny ýü­ze çy­ka­ryp, sýu­žet­le­ri­ni we he­ka­ýa­la­ry­ny sa­da­laş­dyr­ma­ýar. Ol ýaşlara düş­nük­li et­mek maksady bilen sun­ga­t arkaly daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, pa­ra­hat­çy­ly­ga ym­tyl­mak ýa-da ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­dä­ki hu­kuk­la­ry­ny we or­nu­ny go­ra­mak ýa­ly çyl­şy­rym­ly te­ma­la­ry saýlap al­ýar» di­ýip, gaz­na­nyň be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar.

Be­ýik küştçüleriň dur­mu­şyn­dan

Öz-özü­ňe ynam Ýa­ryş baş­la­maz­dan öň Wil­gelm Steý­nis­den so­ra­ýar­lar:

Ýe­ral­ma ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar

Aş­ha­na­my­zyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rü­len ýe­ral­ma dün­ýä­de iň köp ýaý­ran bak­ja önüm­le­ri­niň bi­ri­dir. Her ýyl dün­ýä­de 400 mil­li­on ton­na tö­we­re­gi ýe­ral­ma ha­sy­ly alyn­ýar. Ýe­ral­ma­nyň üç­den bir bö­le­gi Hy­taý bi­len Hin­dis­tan­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Gaý­na­dy­lan, gow­ru­lan, kö­ze dag­la­nan – is­len­dik gör­nüş­de ta­gam taý­ýar­lap bol­ýan bu bak­ja önü­mi ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris. Köp adam ýe­ral­ma­nyň ata Wa­ta­ny Ir­lan­di­ýa di­ýip bil­ýär. Ir­lan­di­ýa ýe­ral­ma­ny köp­çü­li­ge meş­hur eden hem bol­sa, bu ösüm­li­giň il­kin­ji ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len ýe­ri Bo­li­wi­ýa­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ry we Pe­ru­nyň gü­nor­ta bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. 1600-nji ýyl­lar­da is­pan­lar ýe­ral­ma­ny Ame­ri­ka alyp gid­ýär­ler. Şon­dan soň ha­sy­ly ýe­riň aşa­gyn­da bit­ýän bu ösüm­lik tu­tuş dün­ýä ýaý­ra­ýar.

Lif­tiň için­de nä­me üçin aý­na bar?

Adam­zat ta­ry­hyn­da iň go­wy oý­lap ta­pyş­la­ryň bi­ri bo­lan lift geç­miş bi­len tä­ze döw­rüň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny bir­leş­dir­ýär. Lif­tiň döw­re­bap­ly­gy we bu en­ja­myň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry ýy­lyň-ýy­ly­na ös­dü­ril­ýär, tä­ze­çe gör­nüş­de iş­le­nip dü­zül­ýär. Lift­dä­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bi­ri hem ýo­lag­çy­la­ra ni­ýet­le­nen ýüz gö­rül­ýän aý­na­nyň bol­ma­gy­dyr. Eý­sem, nä­me üçin ýo­kar­ky gat­la­ra adam­la­ry we ýük­le­ri da­şa­ýan bu en­jam­da aý­na go­ýul­ýar­ka? Kö­pi­miz lif­te gi­re­ni­miz­de bu en­ja­myň di­wa­ryn­da­ky aý­na se­red­ýä­ris, sa­çy­my­za ti­mar ber­ýä­ris, üst-ba­şy­my­zy dü­zed­ýä­ris. Ýö­ne lift­dä­ki aý­na bu se­bäp­le­re gö­rä go­ýul­man­dyr.

Ýa­pon möý­leň­ňe­ji

Uzyn­ly­gy 4 met­re ýet­ýän ýa­pon möý­leň­ňe­ji dün­ýä­dä­ki iň uly leň­ňeç ha­sap­lan­ýar. Ýa­pon halk dö­re­di­ji­li­gin­de hy­ýa­ly jan­dar hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan bu jan­dar­lar Ýa­po­ni­ýa­nyň tö­we­re­gin­dä­ki de­ňiz­ler­de ýa­şa­ýar­lar. Bu leň­ňeç­le­riň göw­re­si ki­çi­jik bo­lup, be­de­ni­niň esa­sy bö­le­gi­ni 10 sa­ny aýa­gy eme­le ge­tir­ýär. Aýak­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 3 metr­den gow­rak bo­lan ýa­pon möý­leň­ňe­ji­niň ag­ra­my 16 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Ýer şa­ry­nyň iň tä­sin jan­dar­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ýa­pon möý­leň­ňe­ji 100 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar. Ýa­pon möý­leň­ňe­ji­niň aşa uzyn aýak­la­ry we göw­re­si­niň açyk gyz­gylt-mä­mi­şi reňk­de bol­ma­gy gö­re­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu de­ňiz jan­da­ry­nyň uzyn aýak­la­ry howp­ly jan­dar­lar­dan gaç­ma­ga, esa­san hem, su­wuň aşa­gyn­da be­ýik­li-pes­li de­pe­ler­den ýö­re­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Elekt­ron en­jam­la­ry nä­hi­li aras­sa­la­ma­ly?

Komp­ýu­ter­dir beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ry aras­sa­la­mak ow­nuk we üns­li çe­me­leş­me­li iş ha­sap­lan­ýar. Kä­ha­lat­lar­da öý­de ýa-da ofis­de aras­sa­çy­lyk iş­le­ri ge­çi­ri­len­de komp­ýu­ter­le­riň göz­den syp­dy­ryl­ýan ha­lat­la­ry bol­ýar. As­lyn­da, bu elekt­ron en­jam­lar yzy­gi­der­li aras­sa­çy­ly­gy ta­lap ed­ýär. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän­di­gi we için­de ow­nu­jak bö­lek­le­riň bar­dy­gy se­bäp­li bu en­jam­lar aras­sa­la­nan­da has üns­li bol­ma­ly. Ge­liň, bu en­jam­la­ry aras­sa­la­ma­gyň kä­bir usul­la­ry­na se­re­de­liň! Komp­ýu­ter kla­wia­tu­ra­sy­ny aras­sa­la­mak o di­ýen kyn däl. Em­ma is­len­dik elekt­ron en­jam aras­sa­la­nan­da su­wuk se­riş­de­le­ri örän se­re­sap­ly ulan­ma­ly­dy­gy­ny üns­den dü­şür­me­li däl. Se­bä­bi su­wuk aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si aşa köp ula­nyl­sa ýa-da en­ja­myň içi­ne gir­se, zy­ýan ýe­tir­me­gi müm­kin. Aras­sa­çy­ly­ga baş­la­maz­dan ozal, bu en­jam­la­ry tok­dan aýyr­ma­ly. Kla­wia­tu­ra­ny il­ki ba­şa­şak tu­tup, aşa­gyn­dan ça­la­ja ur­ma­ly we silk­me­li. Şeý­le­lik­de, düw­me­le­riň ara­sy­na gi­ren ha­pa we to­zan bö­le­jik­le­ri ga­çar. Elekt­ron en­jam­la­ryň sa­tyl­ýan dü­kan­la­ryn­da kla­wia­tu­ra aras­sa­la­ma­ga ni­ýet­le­nen ba­syş­ly se­riş­dä­ni düw­me­le­riň ara­sy­na pürk­me­li. Soň­ra gu­ry mik­ro­sü­ýüm­li es­gi bi­len sü­pür­me­li we gu­ra­ýan­ça ga­raş­ma­ly.

Çagalara oýnawaçlaryny ýygnamagy öwrediň!

Oýna­waç­lar ça­ga­la­ryň akyl we fi­zi­ki en­dik­le­ri­ni ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Kör­pe­je­ler oý­na­waç­la­ry­na güý­men­mek ar­ka­ly daş-tö­we­re­gi öw­ren­ýär­ler. My­sal üçin, haý­wan­la­ry se­sin­den we şe­ki­lin­den ta­na­ma­gy, san sa­na­ma­gy, ýaz­ma­gy, su­rat çek­me­gi, gys­ga­jyk aý­dym­la­ry, saz çal­ma­gy, in­že­ner­çi­lik ha­sap­la­ma­la­ry öw­ren­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, oý­na­waç­lar ça­ga­la­ryň hy­ýal­la­ry­nyň ös­me­gi­ne, ün­sü­niň güýç­len­me­gi­ne, el-bar­mak en­dik­le­ri­niň kä­mil­leş­me­gi­ne, çöz­güt tap­mak, baş alyp çyk­mak en­dik­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, köp­çü­lik bi­len dil ta­pyş­ma­ga, sa­byr­ly bol­ma­ga, ho­şa­maý bol­ma­ga, te­bi­ga­ta has ýa­kyn bol­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ça­ga­lar he­mi­şe akyl we psi­ho­lo­gik taý­dan ösüş­de bo­lan­soň­lar, oý­na­waç­la­ry­ny, şah­sy zat­la­ry­ny ter­tip­le­me­gi bil­me­ýär­ler. Şeý­le ýag­daý­da ata-ene­ler ça­ga­la­ra ga­har­lan­ma­gyň ýe­ri­ne oý­na­waç­la­ry ter­tip­läp goý­ma­gy, güý­men­je es­bap­la­ry­ny so­ňam oý­na­ma­ly­dy­gy­ny dü­şün­dir­me­li. Ota­gy ter­tip­le­mek, oý­na­waç­la­ry­ny ýer­li-ýe­ri­ne goý­mak ça­ga­lar üçin iç­gys­gynç bo­lup gö­rün­ýär. Şol se­bäp­li kör­pe­je­ler bi­len oýun oý­na­ýan ýa­ly gör­nüş­de oýun­jak­la­ry­ny ýyg­na­ma­gy en­di­ge öwür­me­li. Oýun­lar kim köp oý­na­waç top­la­mak, oý­na­waç­la­ry kim çalt ýyg­na­mak ýa­ly gör­nüş­de b

Dün­ýä­niň iň owa­dan oba­la­ry

Dün­ýä­de ekerançylygyň me­ka­ny bo­lan oba­la­ryň ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi, bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry taý­dan gö­ren­le­ri haý­ran ed­ýän bir­nä­çe­si bar. 2021-nji ýyl­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä ila­ty­nyň 3,42 mil­li­ar­dy oba­da ýa­şa­ýar. Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­niň iň owa­dan oba­la­ry ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dykgatyňyza ýetirmegi ma­kul bil­dik. Bur­tan­ž, Ni­der­land­lar. Wes­ter­wald şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän bu oba­da 430 adam ýa­şa­ýar. Ýyl­dy­za meň­zeş bu tä­sin oba 1593-nji ýyl­da har­by gul­luk­çy­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin esas­lan­dy­ry­lyp­dyr. Tut­ýan meý­da­ny 0,21 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan bu oba­da 133 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy bar. Ni­der­land­lar bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ser­he­din­dä­ki ýyl­dy­za meň­zeş oba ni­der­land­la­ryň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ki­çi­jik oba­da mer­ke­zi ba­zar meý­dan­ça­sy, köp san­ly dü­kan­lar, ka­fe­ler we res­to­ran­lar bar.

Hin­dis­tan öň­de­ba­ry­jy ýurt bo­lar

Bi­ler­men­ler Hin­dis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi baş­dan ge­çir­jek­di­gi­ni, ne­ti­je­de, ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösü­şi ba­bat­da 2030-njy ýy­la çen­li dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy ýurt bol­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. «S&P Glo­bal» gu­ra­ma­sy­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, hin­di yk­dy­sa­dy­ýe­ti her ýyl 6,7 gö­te­rim ösüp, onuň möç­be­ri 2030-2031-nji ýy­la çen­li 7 tril­li­on dol­lar­dan ge­çer. Bu dep­gin bol­sa, ýur­da dün­ýä­de üçün­ji uly yk­dy­sa­dy­ýe­te öw­rül­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Elekt­rou­lag ba­za­ry ös­ýär

Şu ýyl gib­rid­le­ri hem öz içi­ne al­ýan dün­ýä­niň elekt­rou­lag ba­za­ry, tak­my­nan, 22 gö­te­rim ýo­kar­la­nar. Gel­jek ýyl­da ýe­ne 23 gö­te­rim ösü­şe ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da «EY Glo­bal Mo­bi­li­ty Con­su­mer In­dex» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bar­lag­la­ryn­da bel­le­nil­ýär. Elektroulag bazary 2022-nji ýyl­da 37 gö­te­rim, 2023-nji ýyl­da 29,7 gö­te­rim ösüş ga­zan­dy. 2024-nji ýyl­da do­ly elekt­rou­lag­la­ryň (BEV) sa­tu­wy­nyň 11,2 mil­li­on bolma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. 2022-nji ýyl­da­ bu gör­ke­zi­ji 7,4 mil­lio­n bo­lup­dy. Şeý­le-de, ge­çi­ri­len bar­lag­lar elektrou­lag sa­tyn al­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Ge­çen ýyl­ky 55 gö­te­rim bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň 58 gö­te­ri­mi şu ýyl BEV ýa-da gib­rid sa­tyn al­ma­gy ma­kul bil­ýär­ler. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, ge­çi­ri­len bar­lag­lar sarp edi­ji­le­riň is­le­gin­de üýt­geş­me­le­riň bo­lan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. ABŞ-da aw­tou­lag sa­tyn al­mak is­le­ýän­le­riň pa­ýy 60 gö­te­rim­den 50 gö­te­ri­me, şol san­da elekt­rou­lag sa­tyn al­mak is­le­ýän­le­riň pa­ýy 48 gö­te­rim­den 34 gö­te­ri­me çen­li azal­dy.

«Er­kin­lik par­ti­ýa­sy» ýe­ňiş ga­zan­dy

29-njy sent­ýabr­da Awst­ri­ýa­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da Gerbert Kikliň ýolbaşçylygyndaky «Awstrýa­nyň er­kin­lik par­ti­ýa­sy» (AEP) ses­le­riň 29,1 gö­te­ri­mi­ni alyp, ýe­ňiş ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, AEP ta­ry­hy re­kord ga­za­nyp, il­kin­ji ge­zek saý­law­lar­da öň­de­li­gi eýe­le­di. Ikin­ji orun­da ses­le­riň 26,2 gö­te­ri­mi bi­len hä­zir­ki Kans­ler Karl Ne­ham­me­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky kon­ser­wa­tiw «Awst­ri­ýa­nyň halk par­ti­ýa­sy» gel­ýär. Üçün­ji orun­da 20,4 gö­te­rim ses bi­len «Awst­ri­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy», on­dan soň­ra 8,8 gö­te­rim bi­len «Tä­ze Awst­ri­ýa – Li­be­ral fo­rum» hem-de 8,6 gö­te­rim bi­len «Ýa­şyl­lar» gel­ýär.

Sy­ýa­hat­çy­lyk öň­ki de­re­je­si­ne gaý­dyp gel­di

BMG-niň sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy «UN Tou­rism»-iň soň­ky ha­sa­ba­ty­na gö­rä, dün­ýä­niň hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­syn­dan öň­ki de­re­je­si­ne gaý­dyp ge­lip, do­ly di­ýen ýa­ly di­kel­dil­di. 2024-nji ýy­lyň il­kin­ji 7 aýyn­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy 2019-njy ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ba­ry-ýo­gy 4 gö­te­rim yz­da. «UN Tou­rism»-iň 2024-nji ýy­lyň il­kin­ji 7 aýyn­da dün­ýä sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň ösü­şi ba­ra­da­ky tä­ze ha­sa­ba­tyn­da, şu ýy­lyň ýan­war-iýul aý­la­ryn­da dün­ýä­de 790 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy­nyň da­şa­ry ýur­da sy­ýa­hat eden­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji 2023-nji ýyl­da­ky­dan 11 gö­te­rim köp we 2019-njy ýyl­da­ky­dan 4 gö­te­rim az. Hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň ös­me­gi­niň esa­sy fak­tor­la­ry­nyň bi­ri hem da­şa­ry ýurt­la­ryň ho­wa ýol­la­ry­nyň ge­og­ra­fi­ýa­sy­nyň gi­ňel­dil­me­gi we wi­za ta­lap­la­ry­nyň ýö­ne­keý­leş­di­ril­me­gi bol­dy.

Tä­ze dün­ýä re­kor­dy go­ýul­dy

Hy­ta­ýyň Ýanb­ýan-Ko­re­ýa aw­to­nom ok­ru­gyn­da 7 müň 598 sa­ny dro­nyň gat­naş­ma­gyn­da tä­sin şü­we­leň ge­çi­ril­di. Ok­ru­gyň 72 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan bu çä­re­de ho­wa­da şe­kil eme­le ge­tir­ýän dron­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça dün­ýä re­kor­dy go­ýul­dy di­ýip, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň web saý­ty ha­bar ber­ýär. Bu şü­we­leň ýur­duň «Shenz­hen Da­mo­da In­tel­li­gent Cont­rol Techno­lo­gy Co., Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­al­dy. Dron­la­ryň sa­ny 2020-nji ýyl­da­ky öň­ki re­kor­da gat­naş­an dron­la­ryň sa­nyn­dan iki es­se köp bol­dy. Şol wagt Hy­ta­ýyň Çžu­haý şä­he­ri­niň üs­tün­de şe­kil eme­le ge­tir­mä­ge 3 müň 51 dron gat­na­şyp­dy.

Tu­ran gap­laň­la­ry kö­pel­di­ler

Amur gap­laň­la­ryn­dan iki­si Ni­der­land­lar­dan Ga­za­gys­tan­da­ky «Ile-Bal­haş» döw­let go­rag­ha­na­sy­na ge­ti­ril­di. Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Eko­lo­gi­ýa we te­bi­gy baý­lyk­lar mi­nistr­li­gi­niň ha­ba­ry­na gö­rä, bu wa­ka ekoul­ga­my we ýi­ti­ri­len bio­dür­lü­li­gi di­kelt­mek üçin mö­hüm ädim bol­dy. Alym­lar, şol san­da, Hal­ka­ra te­bi­ga­ty go­ra­mak bi­le­le­şi­gi amur we tu­ran gap­laň­la­ry­ny aý­ra­tyn gör­nüş­ler däl-de, eý­sem, şol bir gör­nü­şiň eko­lo­gik ýa-da ge­og­ra­fik taý­dan ta­pa­wut­ly ýer­de ýa­şa­ýan gör­nü­şi ha­sap­la­ýar­lar. Olar bu çäk­ler­de dur­nuk­ly ýag­daý­da kö­pe­len­den soň­ra, tu­ran gör­nü­şiň we­kil­le­ri ha­sap­la­nar.

Mol­do­wa­da 11 da­laş­gär ha­sa­ba alyn­dy

20-nji okt­ýabr­da Mol­do­wa­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly 11 da­laş­gär ha­sa­ba alyn­dy. Bu ba­ra­da Mol­do­wa­nyň Mer­ke­zi saý­law ko­mis­si­ýa­sy ha­bar ber­di. Pre­zi­dent­li­ge bel­li­ge al­nan da­laş­gär­le­riň dör­dü­si ze­nan. Bu­lar – Mol­do­wa­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Maý­ýa San­du, Ga­gau­zi­ýa aw­to­nom ter­ri­to­ri­al bö­lü­mi­niň öň­ki baş­ly­gy Iri­na Wlah, žur­na­list Na­tal­ýa Mo­rar, öň­ki pro­ku­ror Wik­to­ri­ýa Fur­tu­ne. Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­riň ara­syn­da 2019-2021-nji ýyl­lar­da ýur­duň pro­ku­ro­ry bo­lup iş­län Alek­sandr Sto­ýa­nog­lo, öň­ki hä­kim Re­na­to Usa­tyý, öň­ki Prem­ýer-mi­nistr Wa­si­liý Tar­lew, Ion Ki­ku we beý­le­ki­ler bar. Hä­zir­ki wagt­da pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­riň saý­law kam­pa­ni­ýa­sy do­wam ed­ýär. Hiç bir da­laş­gär ses­le­riň 50 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy­ny al­ma­sa, saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler.

Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri

Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­ki go­ran­mak mi­nist­ri, 67 ýaş­ly Si­ge­ru Isi­ba do­lan­dy­ry­jy Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň (LDP) baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nan­dan soň 1-nji okt­ýabr­da ýur­duň par­la­men­tin­de Prem­ýer-mi­nist­r we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. De­pu­tat­la­ryň ag­la­ba köp­lü­gi oňa ses ber­di. Esa­sy aşa­ky pa­la­ta­da ge­çi­ri­len ses be­riş­lik­de Isi­ba 465 ses­den 291 ses al­dy. Kons­ti­tu­si­on-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy Ýo­si­hi­ko No­da 100 ses al­dy. Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to Isi­ba­ny hö­kü­met Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne tas­syk­lan­dan soň, ol ýur­duň ta­ry­hyn­da 102-nji Prem­ýer-mi­nistr bo­lar.

Taryhda şu gün

To­zan de­ňiz jan­dar­la­ry üçin mö­hüm. Flo­ri­da şta­ty­nyň uni­wer­si­te­ti­niň (ABŞ) hü­när­men­le­ri Sa­ha­ra çö­lün­den ho­wa ar­ka­ly gel­ýän to­za­nyň um­man­lar üçin mö­hüm de­mir çeş­me­si­di­gi­ni su­but ed­ýän bar­lag ge­çir­di­ler. Bu mad­da fi­top­lank­ton we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry üçin mö­hüm ha­sap­lan­ýar. Fo­to­bäs­le­şi­giň ne­ti­je­si yg­lan edil­di. «Ocea­nog­rap­hic Ma­ga­zi­ne» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan ab­raý­ly «Ocean Pho­tog­rap­her 2024» fo­to­bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri yg­lan edil­di. Bäs­le­şi­giň baş baýragyna ki­tiň ba­lyk­la­ry aw­la­ýan wag­ty dü­şü­ri­len su­raty bi­len is­pa­ni­ýa­ly fo­to­su­rat­çy Ra­fa­el Ka­ba­le­ro mynasyp bol­dy.