Bilermenler Hindistanyň ykdysady ösüşi başdan geçirjekdigini, netijede, ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi babatda 2030-njy ýyla çenli dünýäde öňdebaryjy ýurt boljakdygyny öňe sürýärler.
«S&P Global» guramasynyň çaklamalaryna görä, hindi ykdysadyýeti her ýyl 6,7 göterim ösüp, onuň möçberi 2030-2031-nji ýyla çenli 7 trillion dollardan geçer. Bu depgin bolsa, ýurda dünýäde üçünji uly ykdysadyýete öwrülmäge mümkinçilik berer.