Amerikaly aýdymçy we aýdymlaryň awtory Teýlor Swift 14 ýaşynda ýazan kitabyny çap etdirmekçi bolýar. Bu barada «The Sun» neşiri habar berýär. «Gyz adyny alan gyz» atly eserde oglunyň bolmagyny islän ene hakda gürrüň berilýär. Bu roman Swiftiň ýetginjeklik döwründe ýazylan bolsa-da, ol häzire çenli çap edilmändir. Bu eseriň Swiftiň ene-atasynda saklanýandygy çaklanylýardy. Ýöne aýdymçy 2015-nji ýylda kitabyň ady üçin söwda belligini hasaba aldyryp, kitap we romanyň audio görnüşi bilen baglanyşykly harytlara bolan hukuklaryny giňeltdi. Aýdymçy 2012-nji ýylda ýüregi gysan wagty roman ýazandygyny aýtdy.
– Meniň dostlarymyň ählisi Pensilwaniýa gaýdyp barypdy, şonuň üçin meniň edere işim ýokdy. Şol döwürde mende ýazyjy bolmak we roman ýazmak barada pikir döredi – diýip, Teýlor Swift gürrüň berdi.