Ýe­ral­ma ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar

4 Oktýabr 2024
362

Aş­ha­na­my­zyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rü­len ýe­ral­ma dün­ýä­de iň köp ýaý­ran bak­ja önüm­le­ri­niň bi­ri­dir. Her ýyl dün­ýä­de 400 mil­li­on ton­na tö­we­re­gi ýe­ral­ma ha­sy­ly alyn­ýar. Ýe­ral­ma­nyň üç­den bir bö­le­gi Hy­taý bi­len Hin­dis­tan­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Gaý­na­dy­lan, gow­ru­lan, kö­ze dag­la­nan – is­len­dik gör­nüş­de ta­gam taý­ýar­lap bol­ýan bu bak­ja önü­mi ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Köp adam ýe­ral­ma­nyň ata Wa­ta­ny Ir­lan­di­ýa di­ýip bil­ýär. Ir­lan­di­ýa ýe­ral­ma­ny köp­çü­li­ge meş­hur eden hem bol­sa, bu ösüm­li­giň il­kin­ji ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len ýe­ri Bo­li­wi­ýa­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ry we Pe­ru­nyň gü­nor­ta bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. 1600-nji ýyl­lar­da is­pan­lar ýe­ral­ma­ny Ame­ri­ka alyp gid­ýär­ler. Şon­dan soň ha­sy­ly ýe­riň aşa­gyn­da bit­ýän bu ösüm­lik tu­tuş dün­ýä ýaý­ra­ýar.